Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna, şeýle hem Halkara parahatçylyk üçin köptaraplylyk we diplomatiýa güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň daşary syýasy üstünliklerine bagyşlanyp iňlis dilinde zehin bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň şerti boýunça onuň birinji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen toparlar Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan prezentasiýa bilen iňlis dilinde onlaýn çykyş edip gatnaşdylar. Birinji tapgyrda jemi 12 sany topar gatnaşyp, olardan Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary has tapawutly çykyş etdiler. Birinji tapgyryň netijeleri boýunça jemi 8 sany topar ikinji tapgyrna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ikinji tapgyry Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bäsleşigiň gidişine onlaýn arkaly tomaşa etdiler. Ikinji tapgyrda ýeňiji bolan toparlar eminler tarapyndan düzülen 5 sany soraga iňlis dilinde jogap bermek arkaly özara bäsleşdiler. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasy üstünliklerine bagyşlanan, 2007-2021-nji ýyllar aralygyndaky döwürde merjen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen halkara çäreler baradaky taryhy çeşmelerden ybarat bolan soraglara talyplar oňyn jogap bermegi başardylar. Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, talyplaryň dil bilimlerini kämilleşdirmeklige ýardam etdi. Gyzykly hem täsirli geçen duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary baş baýraga, Türkmen döwlet maliýa institutynyň talyplar topary 1-nji orna, Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyplar topary 2-nji orna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplar topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Baş baýraga mynasyp bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan “Tolkun” 42-lik telewizory sowgat berildi. 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolanlar bolsa ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem degişli diplomlar bilen sylaglandy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.