Pederlerimiziň bize miras galdyran, taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan öz milli gymmatlyklarymyzy hormatlap, sarpalap, olary asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelinýär. Nusgalyk gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen dünýä meşhur gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmen milli şaý-sepleridir. Türkmen şaý-seplerini ýörite altyn-kümüş, göwher, ýakut, lagyl, sadap merjen, almaz ýaly gymmatbaha daşlardan ussat zergärler tarapyndan sünnäläp-sünnäläp ýasapdyrlar. Şonuň üçin hem ol “Zergärçilik sungaty” diýlip atlandyrylýar. Zergärçilik sungaty iň gadymy inçe sungat senedidir. Türkmen halky ilki-ilkiler şaý-sepleri balykgulaklardan we onuň döwüklerinden ýönekeýje gulakhalkalary, monjuklary, temençeleri ýasapdyrlar. Zergärler monjuklara göz şekilinde gaş goýup ýasap, ony çagalara göz-dilden gorasyn diýen ynanç bilen dakypdyrlar. Şeýle monjuklar Hazar deňziniň Uzboý, Jeýtun, Sarygamyş ýakasyndaky meýdanlarda arheologlar tarapyndan tapyldy. Taryhy maglumatlara görä, orta daş döwrüne degişli “Zergärçilik” ussahanasy bolup, ol Hazaryň kenaryndaky Guwaçeňňir burnunyň gaýaly belentliginde ýerleşipdir. Bu ýerde balykgulaklardan düzülen monjuklar dürli reňklere boýalypdyr. Orta asyrlarda diýarymyzyň dürli künjeklerinde Köneürgenç, Dehistan, Merw, Sarahs, Amul ýaly şäherlerde ýasalan şaý-sepleriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen goňşy döwletleriň çäklerine hem ýaýrandygyny habar berýär. Munuň özi gadymy döwürlerde hem zergärçilik sungatynyň ýokary derejä ýetendigini has aýdyň görkezýär. Türkmen zergärleriniň ýasan şaý-sepleriniň ýalkym saçyp duran gaşlary owadanlygy, berkligi, ajaýyplygy bilen dünýä ýüzünde şöhratlanyp, türkmen topragyna gelen her bir syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekipdir.
Türkmen milli şaý-sepleri “bilezik”, “gülýaka”, “şelpe”, “apbasy”, “asyk”, “egme”, gupba”, “hünji” ýaly görnüşlerde bolup, türkmen zergärleri oňa özleriniň irginsiz zähmetini siňdiripdirler. Türkmen zergäri aýal-gyzlaryň şaý-seplerinden başga-da, ýörjen-ýörjen çagalar üçin aýagyna, goşaryna dakmak üçin düwmeleri, iňňebagjyk, erkek adamlar üçin kemerler, gylyçlar, göwher pyçaklar we türkmen ýigidiniň uçar ganaty hasaplanýan bedew şaýlaryny ýasap, bedewiň tutuş synasyny demir örtgileriň ornuny bezegiň tumaryň hyzmatyny ýerine ýetirýän şaý-sepler bilen bezäpdirler.
Türkmen gelin-gyzlary adaty günlerde we toý günlerinde altyn-kümüş, gupba, hünji, monjuklar we goşarlaryny bilezikler bilen bezäpdirler. Uly ýaşly gartaşan aýallar hem boýunlaryna açarbag, gülýaka, şelpe ýaly şaý-sepleri dakynypdyrlar. Ata-babalarymyz milli şaý-seplerimize degişli nakyllary hem döredipdirler. Türkmen halk nakyllary: “Ata-enäniň bahasy bolmaz, altyn-kümüşiň könesi bolmaz”, “sabyr düýbi sap altyn”, “Suw damjasy-altyn dänesi” ýaly nakyllar ata-babalarymyzyň parasatly sözlerine ýagtylypdyr.
Asyrlardan aşyp miras bolup gelýän şol mukaddes ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Tyllaýy şelpeleri hoş owazly milli şaý-sepleri halkymyzyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan gymmatlyklarynyň naýbaşy görnüşleriniň biridir. Çeperçilik taýdan iňňän inçe, owadanlykda deňsiz-taýsyz şaý-seplerde halkymyzyň örän baý, hiç haçan egsilmejek döredijilik äleminiň täsin gözellikleri jemlenendir” diýip, şaý-seplerimize ýokary baha berýänligi munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz milli şaý-seplerimiziň taryhy görnüşleri, nepisligi, owadanlygy, ýasalyş aýratynlyklaryny has aýdyň şöhlelendirýär we milli gymmatlyklarymyza çäksiz sarpa goýýar.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ylym-bilim ulgamynda, halkymyzyň ýer ýüzüne bitewi bir millet hökmünde tanatmakda esasy orun eýeleýän milli mirasymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi kämilleşdirmeklige, pederlerimizden gelýän milli däp-dessurlarymyzy dikeltmekde ägirt uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli şaý-seplerimiz täze öwüşgine eýe boldy. Dürli döwürlerde ýasalan şaý-seplerimiziň görnüşleri häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde we beýleki muzeýlerinde saklanylýar.
Häzirki zaman şaý-seplerimiziň çeperçilik kämilliginiň gönezliginde, şol gadymy nusgawy mirasymyza, türkmeniň milliligine kybaplygyň berk saklanandygy diýseň buýsandyrýar. Milli mirasymyzy aýawly saklamak, gadymy däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy gelejekki nesillerimize ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Durdybike HANANAÝEWA,
Balkan welaýatynyň Gumdag şäher häkimliginiň 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň “Buhgalterçilik işi” hünäriniň talyby.