GARAŞSYZLYGYŇ NESLI – TÜRKMEN ÝAŞLARY

«Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýlen pähim bar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ugrunda saýlap alan ýoluna, bedew badyna bütin dünýä haýran galýar, ony öwrenýär. Bary-ýogy 30 ýylyň içinde türkmen döwletiniň geçen ýoly asyrlara barabardyr.

Munuň şeýledigine paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk – türkmen ýaşlarynyň baky buýsanjydyr» atly geçirilen Brifing duşuşygynda hem magat göz ýetirmek boldy.

Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň agzalary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Geçirilen birifing duşuşygynda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we ödengörüjilikli ýolbaşçylygynda oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan we çalt depginler bilen ösýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan ägirt uly üstünlikleri dogrusynda bellenilip geçildi.

Bu gün halkymyz bilen birlikde ýaşlarymyz milli Liderimiziň döredijilikli içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýýan wezipelerini, şeýle hem Watanymyzda alnyp barylýan uly möçberli düýpli özgertmeleri doly goldaýarlar we il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Sebäbi bu beýik işler, şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirlendir.

Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesiniň häzirki buýsançly döwürde ajaýyp öwüşginleriniň many-mazmunyny il içinde wagyz etmekde mundan beýlägem hasam joşgunly işlejekdiklerine eziz Arkadagymyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda tutanýerli yhlasly goşantlaryny goşjakdygyny ynandyrdylar we her bir ynsanyň abadan hem-de parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janyň sag, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, aýdyň maksatly belent tutumly işleriniň bolsa uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY