Arkadagly ýyllarda ýaşlar bagtyýar

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda “Arkadagly ýyllarda ýaşlar bagtyýar” atly maslahat geçirildi.  Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň professor mugallymlary, döredijilik bilen meşgullanýan  talyp ýaşlar gatnaşdylar.  2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçirilen bu maslahata gatnaşanlar özleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşretli zamanada ýaşap, parahatçylygyň goýnunda döredip, gurup ýaşamaklary üçin ähli şertleri döredip berýändigine çäksiz hoşallyklaryny bildirip, geljek ýylda mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda  gazanyljak üstünliklere öz orunlarynda mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem, halkymyza ýagty geljegi bagyş edýän Milli Liderimize çyn ýürekden çykýan   alkyş sözlerini beýan etdiler.   

Meňzeş habarlar

07 Ýanwar 2022 | 116 okalan

Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy

03 Ýanwar 2022 | 205 okalan

“Jan Watanym Türkmenistan!”

30 Dekabr 2021 | 392 okalan

Arkadagly ýyllarda ýaşlar bagtyýar