MASLAHAT GEÇIRILDI

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, professor mugallymlaryň, hormatly il ýaşulylarynyň şeýle-de ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy: gurmak, döretmek ýoly bilen aýdyň maksatlara tarap» atly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşanlar özleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasatyny giňden wagyz etmek bilen bir hatarda raýatlarymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan milli Liderimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin sag bolsun aýtdylar.

Ata Watanymyzy ynamly öňe alyp barýan mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary rowaçlyklara rowan bolsun.

 

Merjen NURMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Merkezi Geňeşiniň

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň

esasy hünärmeni.