HYZMATDAŞLYGYŇ DÖWREBAP ARHITEKTURASYNY BERKITMEK UGRUNDA

Türkmen döwletliliginiň häzirki keşbini ýurdumyzyň hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynda, Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine daýanýan öňdengörüjilikli durmuş ugurly döwlet syýasatynyň dabaralanmagynda, ähli ugurlaryň sazlaşykly we durnukly ösüşinde, ykdysady ösüşiň bazar gatnaşyklarynda, ylmyň, dolandyrmagyň täze usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynda görmek bolýar. Bularyň ählisi “Halkyň Arkadagly Zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylymyzyň many-mazmunynda dolulygyna öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmek babatyndaky maksatnamalaýyn ösüş syýasatynda toplumlaýyn çemeleşmek, strategik meýilnamalaşdyrmak wezipeleri wajyp ähmiýete eýe bolup, Bitaraplyk hukuk ýagdaýy aýratyn orny eýeleýär. Munuň özi, howpsuzlygyň üpjün edilmegine şol sanda, ylmyň ösmegine, tejribäniň kämilleşmegine, durnukly ösüşlere amatly şertleri döredýär. Şeýle hem, her bir jemgyýetiň döwrebap kämilleşmegi onuň halkara giňişligine eýeleýän mynasyp ornuny berkitmek şol sanda, ählumumy ulag-energetika üstaşyr geçelgeleriniň, ekologiýa sazlaşygynyň üpjün edilmegi ýaly dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini ileri tutýan tagallalary bilen hem berk baglanyşyklydyr. Parahatçylyk döredijilik sungaty dünýä ýaýýan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasy ugrunyň ynsanperwer ýörelgelere, döwrebap ösüşlere we özara ynanyşmaga daýanýandygy bolsa, buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Ynsanperwer gatnaşyklaryň mazmunyny düzýän halkymyzyň gadymdan gelýän zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, rehimdarlyk, myhmansöýerlik, sabyrlylyk, geçirimlilik, dogruçyllyk, parahatçylyk söýüjilik, watançylyk ýaly asylly häsiýetleri dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de gatnaşyklaryň medeniýetini berkitmäge oňyn täsir edýär. Halkymyza mahsus bolan milli ynsanperwerlik we parasatlylyk  taglymatynyň häzirki wagtda dabaralanmagynyň aýdyň nusgasyny ýurdumyzyň goňşy döwleti bolan Owganystan bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şunda döwletimiziň eýeleýän üýtgewsiz orny doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy üpjün etmäge, durmuş-ykdysady düzümleri dikeltmäge iş ýüzünde anyk ýardam bermek bilen beýan edilýär. Pederlerimiziň goňşuçylyk gatnaşyklarynyň inçe ýollaryna “ýer alma goňşy al” diýlen aýtgynyň mazmunyndan hem göz ýetirmek bolýar. Elbetde, halkara gatnaşyklar nazaryýetine we tejribesine ýüzleneniňde döwletlere geografik ýerleşişi babatynda goňşyňy saýlap almaga mümkinçilik berilmeýär. Emma, goňşy döwletler bilen hoşniýetlilik, özara hormat goýmak tejribesini gazanmak her bir döwletiň göniden-göni özüne bagly bolup durýan ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji  ýylyň 15-nji ýanwarynda goňşy döwletiň wekiliýetiniň paýtagtymyza sapar bilen gelmeginiň çäklerinde maslahatlaşylan Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen uzak möhletleýin esasda üpjün etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we demir ýollaryň gurluşygy ýaly taslamalar diňe bir sebitde ykdysady-durmuş ähmiýetli bolman, parahatçylyga we ösüşe hyzmat edýändigi bellenilmäge mynasyp.

Döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny barha berkidýändigine 2021-nji ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi ýaly halkara gatnaşyklaryndaky taryhy wakalara işjeň gatnaşmagynda aýdyň görmek bolýar. Munuň özi, döwletimiziň daşary syýasy ugrunyň ynsanperwer maksatlary bilen sazlaşýandygyny beýan etmek bilen, halkara durmuşynyň gün tertibinde durýan wajyp wezipeleriň amal edilmeginiň döwrebap konsepsiýasynyň arhitekturasyny berkitmekde wajyp ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty - halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşynda “Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrardym. Geliň, onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirleneliň!” diýip dünýä bileleşigini halkymyzyň parahatçylyk taglymatynyň, dostlugyň we doganlygyň dabaralanmagyna çagyrýar. Elbetde, wagt bir ýerde durmaýar. Dünýä jemgyýetçiligi özgerýär, her bir döwür özüne mahsus bolan amal edilmegi wajyp döwrebap meseleleri, ileri tutulýan ugurlary öňe çykarýar. Ählumumy gymmatlyklaryň ykrar edilmegini nazarlaýan halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hem häzirki zaman şertlerinde geljegi nazarlaýan durnukly ösüş seljermesiniň esaslandyrylmagyny ileri tutýar. Şunda hususan-da, adam gymmatlyklaryna, halkara ykdysady-maliýe dolanşygynyň netijeliligine, maýa goýumlaryna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň ösdürilmegine, energetika, ulag we ekologiýa ýaly halkara gün tertibinde durýan wajyp wezipeleriň hemmeler üçin oňaýly çözgüdiniň tapylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy ösüşi nazarlaýan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan hem, tebigy-geografik nukdaýnazardan hem giň mümkinçiliklere eýe bolup, bu ugurda özüniň mynasyp goşandyny yzygiderli goşýandygyny aýratyn bellemek gerek. Halkara giňişliginde durmuş derejeli döwlet hökmünde ykrar edilýän ýurdumyzyň 2022-nji ýylyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynda durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdiriljek serişdeleriň möçberiniň 76 göterimden hem ýokary göz öňünde tutulmagy, Mähriban Arkadagymyzyň ýörite Karary bilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ýaly anyk ýagdaýlar aýdylanlary doly tassyklaýar.

Döwletimiziň geografiki we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy häzirki döwürde Türkmenistanda ulag pudagynyň ösdürilmegine ägirt uly serişdeleriň göýberilmegi, öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly döwrebap magistral-ulag ýollaryny, köprüleri, demir ýollary we turbageçirijileri gurmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, awtomobil ýollary halkara ulag ulgamyna goşmaga, sebitde ulag logistika merkeziniň kemala gelmegine esas döredýär. Şunda hususan-da, Hormatly Prezidentimiziň ulag-logistika babatyndaky halkara başlangyçlary kuwwatly ykdysady merkezleri bolan Hytaý, Hindistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryny öz içine alýan Ýewropa, Orta we Ýakyn Gündogar bilen Merkezi Aziýany we Hazar sebitini birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň emele gelmegine itergi berýän wajyp ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlarynyň bu gün giň goldawa eýedigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň dördüsiniň biragyzdan kabul edilmegi, 2016-njy ýylda döwletimizde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilmegi ýaly buýsandyryjy wakalar şaýatlyk edýär.

Häzirki zaman şertlerinde dünýäde ekologiýalaşmak, ýaşyl ykdysadyýete geçmek, ýaşyl zolaklaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekoşäherler, harytlaryň, hyzmatlaryň ekobelgilenmegi, energiýanyň gaýtalanýan çeşmelerini özleşdirmek mümkinçilikleriniň innowasion çemeleşmeleriniň ylmy taýdan esaslandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Halkara Bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlarynda atmosfera howasy we suw serişdeleri ýaly tebigy obýektleri goramak, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy, önümçilik galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegi arkaly olaryň möçberini azaltmak, howpsuz we arassa hilli iýmit önümleriniň, innowasiýalaryň, tehnikalaryň hem-de tehnologiýalaryň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Munuň özi, dünýä ykdysadyýetiniň we senagatlaşmanyň, ählumumy ösüş derejesiniň barha ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlar bilen düşündirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň ileri tutýan ekologiýa başlangyçlary Bitarap döwletimiziň ekologiýa hyzmatdaşlygynyň many-mazmunyny, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Munuň şeýledigini, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşy şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşmagy, bu mejlisde beýan edilen döwrebap garaýyşlar nobatdaky gezek tassyklaýar. Her bir adamyň ýaşaýyş şertiniň, durmuş abadançylygynyň esasy görkezijileriniň hatarynda önümçiligiň, tehnologiýanyň, sarp ediş ulgamlarynyň we kanunçylygyň umuman, islendik işiň ekologiýalaşmak häsiýeti dünýä tejribesinde oňyn bahalandyrylýar. Şunda, ykdysady ylmyň we filosofiýanyň köp ugurlaryny özünde jemleýän ýaşyl ykdysadyýet konsepsiýasyna geçilmegi ählumumy ykrar edilip, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi nazarlaýan innowasion çemeleşmelere, şol bir wagtda energetikanyň gaýtadan dikeldilýän usuly bolan “ýaşyl energiýanyň” mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ösüş ykdysadyýetiň şol bir wagtda adamyň islendik hereketiniň ilkinji nobatda tebigy gurşaw bilen berk baglanyşyklydygyny, onuň tebigy gurşawyň çäklerinde hereket edýändigini we möhüm düzüm bölegidigini ykrar edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda raýatlaryň abadan durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy görkezijisi bolup çykyş edýär. Umuman, halkara hyzmatdaşlygy barha ilerleýän döwletimiz  halkara gatnaşyklarynyň arhitekturasyny berkidýän döwrebap filosofiýasynyň kemala gelmegine täze garaýyşlary, geljegi nazarlaýan taslamalary, parasatly durmuş tejribesi esasynda özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Atamyrat BEKÇIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

TMÝG-nyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY