Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň we halypa suratkeşleriň gatnaşmaklarynda «ÝUNESKO: Parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly sergi işleriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Ýaşlarda Watana, merdana halkymyza, şöhratly taryhymyza we milli däp-dessurlarymyza bolan buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmakda, döwrebap bilim almagyny üpjün etmekde, Watan diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmekde, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemekde bu gurnalan sergi örän ähmiýetli boldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar geçmişi sarpalap, geljegi nazarlaýan iňňän öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny baş maksada öwüren we bu ugurda ähli tagallalary edýän, türkmeniň döwletlik ýörelgelerini we häzirki buýsançly gününi giňden dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň janyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.