TEHNOLOGIÝALARYŇ TRANSFER MERKEZI

2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň düzüm bölümi hökmünde tehnologiýalaryň transfer merkezi (TTM) döredildi. Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň işiniň esasy maksady  ylmy-barlag taslamalary, tejribe-tehnologik we tejribe-gurluş (konstruktorlyk)  işleriniň netijelerini  täjirçilik esasyna geçirmek ýoly bilen innowasiýa we maýa goýum taslamalaryny öňe sürmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Goýlan maksada laýyklykda, TTM-niň esasy wezipeleri şulardan ybarat:

  • TTM-niň işi boýunça maslahat (konsalting) hyzmatlaryny bermek;
  • hünärmentçilik (ekspert) bahany bermegi amala aşyrmak we  geljegi uly (perspektiw) taslamalaryň, işleriň, intellektual işjeňligiň netijelerini täjirleşdirmek boýunça teklipleri bermek;
  • başlangyç marketing gözleglerini geçirmek, innowasia pikirler (ideýalar) we tehnologiýalar barada maglumatlary ýygnamak we seljermek;
  • intellektual eýeçilik hukuklarynyň goralmagyna ýardam bermek;
  • ylmy-gözleg we tejribe-gurluş (konstruktorlyk) işleriniň netijelerine müşderleri çekmek;
  • ylmy taslamalary we pikirleri (ideýalary) täjirleşdirmek üçin maliýe çeşmelerini çekmek;
  • Tehnologiýalaryň Transfer Merkeziniň kömegi bilen başlangyç kärhanalaryny, işewürlik inkubatorlaryny döretmek we mahabatlandyrmak.  

 

Öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin TTM öz işini aşakda görkezilen ugurlar boýunça alyp barýar:

  • ylmy taslamalaryň, işleriň, ideýalaryň täjirçilik mümkinçiliklerine baha bermek üçin seljeriş (ekspertiza) geçirmek;
  • intellektual eýeçilige bolan hukuklary goramak, intellektual eýeçiligi geçirmek we ulanmak boýunça işleri ýerine ýetirmek, şol sanda patent bermek, arzalary hasaba almak we tabşyrmak;
  • maslahat-usulyýet goldawy amala aşyrmak (ykdysady, maliýe, hukuk ugurlary boýunça, normatiwleri (kada ülňülerini), tehniki-ykdysady esaslandyryşy, iş meýilnamalaryny we ş.m işläp düzmek);
  • innowasiýa taslamalaryny we işlerini hasaba almakda we öňe sürmekde kömek bermek, işleri bile alyp barmak;
  • innowasiýa taslamalaryna, şol sanda tehnologiýalaryň transfer taslamalaryna hem maliýe serişdelerini çekmek;
  • taýýar edilen işleriniň ýaryşlaryny, grantlaryny, sergilerini guramak we   hödürlemek, potensial alyjylar bilen gepleşik geçirmek;
  • ylym, işewir we beýleki bähbitli taraplaryň wekilleri üçin bilelikdäki çäreleri guramak (seminarlar, maslahatlar, iş ulgamlary, tegelek stollar we ş.m.);
  • innowasia pikirleriň (idealaryň) bäsleşiklerini  we perspektiw (geljegi uly) tehnologiýalary saýlap almagyň başga işlerini guramak;
  • innowasia tehnologiýalaryna esaslanýan başlangyç we işewür inkubatorlary döretmek;
  • halkara guramalar we daşary ýurt ylmy-tehniki, dizaýn , innowasiýa we senagat başlangyç we işewür inkubatorlary döretmek;
  • halkara guramalar we daşary ýurt ylmy-tehniki, taslama-gurluş, innowasiýa we senagat kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek üçin hyzmatlar;
  • ýerli we daşary ýurt maýa goýumlaryny, maýadarlary, işewir hyzmatdaşlary çekmek üçin maslahat hyzmatlary;
  • ylmy we tehniki ösüşleri täjirleşdirmek we tehnologiýalaryň transferi boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyrmak;
  • mahabat çärelerini geçirmek, mahabat we maglumat önümlerini taýýarlamak, döredilen harytlary, tehnologiýalary, hyzmatlary, guramaçylyk we tehniki çözgütleri mahabatlandyrmak üçin hyzmatlar;
  • innowasiýa tehnologiýalarynyň we kärhanalarynyň tehnologiki barlagy (auyditi).

 

Müşderiler bilen operatiw (derhal) aragatnaşygy amala aşyrmak üçin bu ýerde “Sorag” opsiýasy döredilen, Siz onuň üsti bilen sorag-teklipleriňizi ugradyp bilersiňiz.

 

Isa BABAÝEW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň

esasy ykdysadyýetçisi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY