Ýaş zehinleriň döredijilik üstünligi

Sungat – aňyrsy-bärsi görünmeýän çäksiz düşünje. Eger sungatyň özi şeýle çäksiz bolýan bolsa, ony döredýän suratkeşiň döredijilik hyýaly nähilikä? Suratkeş daş-töwereginde görýän zatlaryny, ýa-da bolmasa okap alan maglumatlaryny şol döredijilik hyýalyň berip biljek iň ýokary derejesi boýunça kendire geçirýär. Ondan gaýtalanmajak sungat eserini döredýär. Aslynda, suratkeş örän okumyş şahsyýet bolýar. Ol döretjek ýekeje eseri üçin uly göwrümli kitaplary aýlaryň dowamynda özleşdirýär, tebigatyň ýa-da durmuşyň yzygiderli aýlanyp duran halkasyndan ýekeje pursady şekillendirmek üçin uzak wagtlap aňynda “bişiren” pikirini eseriň ýüzünde baky suratlandyrýar. Megerem, suratkeşiň döredijilik hyýalyndan, ukyp-başarnygyndan üstün çykyp biljek güýç ýok bolsa gerek. Çünki gaýtalanmajak gözellige eýe bolan janly tebigaty bolşundan hem ýüz müň esse owadan görüp, ony dürli reňkleriň üsti bilen wasp edýän adam adatdan daşary zehine eýedir.

Bagtyýar zamanamyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi üçin yzygiderli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyz ähli babatda ýaşlaryň ylymly-bilimli, eli hünärli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalary edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Watanymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertiri hasaplanýan ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemeklige, olaryň döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmaklary üçin ähli şertleri döretmeklige gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem uly işleri alyp barýar. Ynha şeýle bagtyýar  zamanamyzda Türkmenistanyň Sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň Sergi jaýynda açylan Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň agzalarynyň, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlarynyň toparlaýyn sergisinde eziz Diýarymyzyň zehinli suratkeşleriniň gazanýan döredijilik üstünliklerini görmek bolýar. Ýaş suratkeşlere çeperçilik taýdan bilim bermekde netijeli işleri alyp barýan ýörite çeperçilik mekdebinde nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty hünärleri boýunça zähmet çekýän halypa we ýaş mugallymlaryň döredijiliginiň özi sungat ýoluna gadam basan ýaş zehinler üçin uly bir mekdepdir. Sergide görkezilýän eserler özboluşlylygy, döwrebaplygy, ýokary çeperçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Aýratyn hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan “Halypa-şägirtlik” ýolundan ugur alyp, sergide Aleksandr Kinýakin, Öwez Lallykow, Abdylla Muhammetberdiýew, Baýdurdy Berdiýew, Gunça Myradowa ýaly halypa suratkeşler bilen birlikde Toýly Çopanow, Mälik Goçmyradow, Ylýas Gurbanow, Enejan Garaýewa, Sapa Pürliýew, Jennet Kuliýewa, Çarymyrat Amanow, Seljuk Ýarmämmedow, Arslan Bäbekow, Merjen Amangylyjowa, Laçyn Toýlyýewa, Atajan Baýramow ýaly ýaş mugallymlaryň hem asylly mugallymçylyk kärinden daşary döredijilik ýoluny ösdürip, geçirilýän sergilere işjeň gatnaşmaklary diýseň buýsandyrýar. Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň müdiri, halypa suratkeş Gunça Myradowa ýaş şägirtlerine ähli işde görelde bolup durýar. Suratkeşiň sergä gatnaşýan eserleri önjeýli çekýän zähmetiniň miweleridir. Onuň geçmişde bolup geçen wakalary çeper suratlandyrýan taryhy eserleri, şekillendirilýän adamyň içki dünýäsini, duýgularyny inçelik bilen ýüze çykarýan portretleri tomaşaçyny wagt sepgidini kesip geçip, eserde şekillendirilýän pursata aralaşmaga iterýär. Şeýle döredijilikli işi dowam etdirmek bilen bir wagtda halypa mugallym ýaş suratkeşleri kemala getirip, olaryň özbaşdak döredijilik ýoluny tapmaklaryna-da uly goşant goşýar.

Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýaş nakgaş mugallymy Toýly Çopanow sergä özüniň dokuz sany eseri bilen gatnaşyp, olarda tomaşaçyny taryhyň we edebiýatyň syrly sahypalaryna alyp gidýär. Onuň Orazdurdy Ýagmyrowyň “Magtymgulynama” atly eseriniň esasynda döreden “Magtymguly Hindistanda” atly nakgaşlyk işlerinde Magtymguly Pyragynyň Hindistana syýahat eden döwründe bolup geçen wakalary suratlandyrýar. Suratkeşiň türkmen nusgawy şahyrlarynyň durmuş beýanyny açyp görkezýän ýene bir eseri “Zelili” diýip atlandyrylyp, onda Gurbandurdy Zeliliniň “Aldady meni” atly goşgusynyň mazmuny şekilleriň üsti bilen suratlandyrylýar. Suratkeş özüniň döredijilik akymynda ünsüni diňe bir ugra gönükdirmän, dürli ugurlarda öz döredijilik başarnygyny synap görýär. Bu babatda onuň “Türkmen ýaşulysy”, “Ýoldaky söhbet”, “Bereketli toprak”, “Täjirler” ýaly eserlerini bellemek bolar. Suratkeşiň eserlerinde özboluşly taslama gurluşy, giňişligi görkezme usuly, baý hem köpdürli reňk çözgüdi, şeýle-de taslamalarda tomaşaçynyň ünsüni çekýän hereketlilik onuň eserleriniň tapawutly aýratynlygyny emele getirýär.

Şeýle-de gyzgalaňly döredijilik işini alyp barýan ýaş suratkeş Mälik Gurbanowyň “Ilkinji gar”, “Çopan gyz”, “Meňli gyzym”, “Güýz peýzažy” ýaly eserleri, Laçyn Toýlyýewanyň “Oba durmuşy”, “Owaz”, “Rysgal” ýaly eserleri, Jennet Kuliýewanyň “Nar” atly bezeg äheňli nakgaşlyk eseri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Sergä gatnaşýan ýaş suratkeşleriň arasynda nakgaş suratkeş Ylýas Gurbanowyň “Çuwal bagşy” atly taslama eseri döwrebap tematikasy bilen nygtalmaga mynasyp. Ýeri gelende belläp geçsek, ýaňy-ýakynda Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglylykda, suratkeşiň türkmen halkynyň gadymdan gelýän bagşyçylyk sungatyny wasp edýän “Çuwal bagşy” atly eseri uly gyzyklanma eýe boldy.

Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraş mugallymlary – Çarymyrat Amanow, Seljuk Ýarmämmedow sergide täsirli hem gyzykly taslama gurluşlary bilen tapawutlanýan heýkel eserlerini görkezdiler. Ç. Amanowyň durmuş sahnalaryny, halkymyzyň däp-dessurlaryny suratlandyrýan “Ak pata”, “Ene”, “Joralar” atly heýkel işleri her birimiziň gündelik durmuşda görýän, şeýle-de bolsa her ynsanyň kalbynda baky orun alan sahnalary şekillendirýär. Heýkeltaraşyň “Gözbaş” atly taslama eseri ýerine ýetiriliş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi mermer materialynda işläp, öz döredijilik pikirini şular ýaly inçeden açyp görkezmek eýýäm heýkeltaraşyň gazanan üstünligidir. S. Ýarmämmedowyň täsin göwrümleri, şekilleri, tematikasy boýunça düýbünden tapawutlanýan heýkel işleri heýkeltaraşyň döredijiligine mahsus çeper aýratynlygy özünde jemleýär.

Häzirki wagtda sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, döredijilik işini ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ugurda aýratyn hem soňky ýyllarda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi üstünlikli zähmet çekýär. Eziz Diýarymyzyň zehinli ýaşlary diňe döwlet derejesinde däl, eýsem halkara derejesinde-de geçirilýän bäsleşiklere, sergilere işjeň gatnaşyp, öz döredijilik başarnyklaryny açyp görkezmekde, türkmen sungatyny dünýä ýaýmakda mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Suratkeşleriň tebigatyň gaýtalanmajak gözelligini kendire geçirmek, çeperçilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen, açyk howada surat çekmek gurnagy yzygiderli geçirilip durulýar. Alnyp barylýan şol işleriň ählisi hem ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyryp, geljekde mili medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürjek ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän taýsyz tagallalardyr.

 

Gülnara Kurbanmuhammedowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi,

sungaty öwreniji.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY