Şu gün Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy:ynamly ýaşlar, belent maksatlar, batly gadamlar» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň agzalary, döredijilik we bilim işgärleri hem-de ýaşuly nesliň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara döwletimizde uly orun berilýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde döwlet dolandyryşynyň täze döwründe ýaşlara ýol bermek, olary hemmetaraplaýyn goldamak barada aýdan sözleri hem aňryýany bilen subut edýär. Hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşynda: «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip belledi. Şol nukdaýnazardan ugur alnyp hem döwletimizde ýaşlaryň sowatly, ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda täzeçe pikirlenýän, öz ugurlary boýunça dünýäniň oňat tejribelerinden habarly bolan ýaş nesiller kemala geldi. Ýaşlaryň ýokary wezipelerde abraý bilen zähmet çekmekleri üçin hem ýurdumyzda hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda türkmen ýaşlaryna nusgalyk zähmet ýoluny geçen we baý durmuş tejribesini toplan milli Liderimiziň halypalyk sargytlary, şahsy göreldesi kämil ýol-ýörelgedir. Döwlet Baştutanymyz: «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir. Olar öz nesliniň jogapkärli we gujur-gaýratly, örän sowatly hem-de sagdyn wekilleri bolarlar» diýip belleýär.
Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň ynanylan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirip biljek ýaş ýolbaşçylara belent borjy — döwlet işlerini ynanmak, olara ýardam bermek baradaky başlangyjyna tüýs ýürekden buýsanýarys, guwanýarys we biragyzdan goldaýarys diýip uly buýsanç bilen bellediler.
Taryhy mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly öňe süren başlangyçlary esasynda, ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Ýurdumyzy
2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» we Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny tassyklamagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ýokary derejelere ýetmeginde, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuşynyň yzygiderli ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegiň wezipeleri göz öňünde tutuldy. Maksatnama uzak möhletleýin geljek üçin niýetlenen bolup, kuwwatly köp pudakly ykdysadyýeti döretmekde halkyň eşretli durmuşyny, milli bähbitlerini nazara almak bilen, dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulýan ösen döwletleriň hatarynda deň derejeli çykyş etmäge esas döredýär. Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlarynyň täze maksatnamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmakda esasy güýç bolup durýandygy-da aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ählisi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň, kabul edilýän maksatnamalaryňdyr resminamalaryň hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna gönükdirilýändigini tassyklaýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýaşlarymyz öz ata-babalarynyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysady şertlerinde işlemäge taýýar bolarlar.
Türkmen ýaşlaryna öz başarnygyny açyp bilmegi, jogapkärli ýolbaşçy wezipelerde kämilleşmegi, üstünlikli zähmet çekmegi üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigi, şeýle hem ösüşiň täze tapgyrynda ählitaraplaýyn ukyp-başarnykly, döwrebap, milli Liderimiziň halypalyk göreldesi bilen ýetişen ýaşlara ýol berilmeginiň döwletliligiň belent nusgasyna öwrüljekdigi barada buýsanç bilen bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar öz halkynyň eşretli günlerde ýaşamagy üçin asylly işleri durmuşa geçirýän, bize her bir işde görelde bolýan, Watany söýmegiň, ony mukaddeslik derejesine sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän, ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.