19-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar milli Liderimiziň bu kitabynyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. Kitapda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirildi. Onda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler jemlenendir. Şunuň bilen birlikde, täze neşirde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli teklipler beýan edilýär.
Täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap berjekdigi, Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur oýlanyşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ählumumy ulgamda eýeleýän ornuna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Şol bir wagtda bu neşir diňe bir syýasatşynaslar, diplomatlar, bilermenler we žurnalistler üçin däl-de, daşary syýasat bilen gyzyklanýan ähli raýatlar üçin peýdaly bolar.
Kitapda döwletimiziň häzirki döwrüň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkitmek ýaly möhüm wezipelerine anyk, düýpli çemeleşmeleri beýan edilýär, sebit ösüşiniň geljegine baha berilýär, BMG-niň Tertipnamasy esasynda we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, netijeli döwletara gatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk tekliplerdir başlangyçlar öz beýanyny tapýar.
Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen bu neşirde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyçda häzirki döwrüň syýasy-diplomatik ýagdaýlarynyň nazaryýetine we tejribesine başgaça garalýandygy baradaky pikir öňe sürülýär, onda özara hormat goýmaga, birek-biregiň bähbitleriniň hasaba alynmagyna, bar bolan meselelerdir gapma-garşylyklary çözmegiň usullary hökmünde güýç ulanmakdan ýüz döndermäge esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze gurallary teklip edilýär.
Neşirde sebit meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndaky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitlerindäki we beýleki forumlardaky çykyşlary beýan edilýär. Olarda häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlarynda anyk we ykdysady taýdan esaslandyrylan hyzmatdaşlyga, bilelikdäki köptaraplaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna girişilmeginiň zerurdygy baradaky pikirler öňe sürülýär.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ykdysady gatnaşyklaryň syýasylaşdyrylmazlygy, özara bähbide esaslanylmagy, strategik ähmiýetli meýilnamalaryňdyr taslamalaryň üstünde bilelikde işlemäge hoşniýetli erk-islegiň emele gelen ýagdaýynda döwletleriň öňünde açylýan mümkinçiliklere göz ýetirilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň derwaýys ugrudyr.
Kitapda häzirki wagtda milli we sebit çäklerinden çykýan türkmen Bitaraplygynyň durnuklylygyň möhüm şerti hökmündäki döredijilik mümkinçiliklerine baha berilýär. Bitaraplyk meýilnamalarydyr maksatlary durmuşa geçirmegiň kämil nusgasyna öwrüldi, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň many-mazmuny bu ugur bilen has sazlaşykly utgaşýar.
Ýygnananlar milli Liderimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda çap edilen täze kitabynyň Türkmenistanyň her bir raýaty üçin gollanma öwrüljekdigini, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere bilimleriň çeşmesi hökmünde hyzmat etjekdigini bellediler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ynsanperwer syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.