2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde halkara gatnaşyklary ugrundan bilim alýan talyplaryň arasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Rus dili – milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili” atly zehin bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Emin agzalaryň adyl netijelerine görä “Rus dili – milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili” atly rus dili boýunça zehin bäsleşiginde Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Serdar Rahymow Baş baýraga, şol fakultetiň IV ýyl talyby Jemal Rematullaýewa 1-nji orna, şol institutyň halkara hukugy fakultetiniň V ýyl talyby Anwar Esedow 2-nji orna, Belarussiýa Respublikasynyň Baranowiçskiý döwlet uniwersitetiniň II ýyl talyby Ermek Kubanow 3-nji orna mynasyp boldular we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Şeýle-de bäsleşigiň netijeleri boýunca Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Annaberdi Kaşaňow, şol fakultetiň II ýyl talyby Gunça Hamedowa, Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby Döwlet Babakuliýew, Halkara Gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Laçyn Hojaýewa dagylar höweslendiriji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda gatnaşyjylar rus dilinde “Öňüni alyş diplomatiýasy” temasy boýunça düzme ýazdylar we öz ýurdunyň gözel ýerleri barada wideorolik taýýarladylar.
Zehin bäsleşiginiň maksady - talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan, BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan rus diliniň grammatiki we leksiki kadalaryny içgin özleşdirmekden, talyplaryň rus dilinde ýazuw endiklerini artdyrmakdan we hünär başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Talyp ýaşlaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Hormatly Prezidentimiziň “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly täze filosofiýasyny ilerletmekde, döwletimiziň milli diplomatik ýörelgesi bolan parahatsöýüji, ynsanperwer syýasatyny wagyz etmäge, ýaşlaryň umumadamzat meselelerini agzybirlikde, birek-birege ynanyşmak medeniýeti esasynda çemeleşmäge, halkara arenasynda döwletimiziň abraý, mertebesini has-da belende göterjek hünärmenler bolup ýetişmeklerinde ýardam edýär.
Dabara gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara okamaga, saýlap alan hünärlerini kämil derejede öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar, Gahryman Arkadagymyzyň belent başynyň aman, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Rematullaýewa Jemal,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.