«Iň eýjejik gyzjagaz — 2022» bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçe medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Bilim ministrligi tarapyndan Milli bahar baýramy mynasybetli ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2022» atly şadyýan bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň şäher, etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlaryň ençemesi gatnaşdy.

«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar 1-nji şert boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwletli işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän şirin aýdymlar bilen joşgunly çykyş etdiler. Ikinji şert boýunça olar egnindäki milli lybaslaryny, dakynan şaý-seplerini şahyrana wasp etdiler. Üçünji şert boýunça bolsa, gyzjagazlar öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalardan miras galan, nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň dürli görnüşlerini uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda 1-nji orna Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Elwan Ibragimowa, 2-nji orna şol etrapdaky 14-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Nurana Kakamyradowa, 3-nji orna bolsa, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Arzuw Taganowa, Ýolöten etrabyndaky tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Gülpam Haýdarowa, şol etrapdaky 12-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýjemal Ataýewa mynasyp boldular. 1-2-nji orunlary eýelän eýjejik gyzjagazlara bäsleşigiň döwlet tapgyrynda hem uly üstünlikler arzuw edildi.

Ýeňijilere TMÝG-niň welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar