Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 11-12-nji maýynda sagat 15:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe gatnaşmaga çagyrýar.
«Açyk gapylar» gününe orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, şeýle-de önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşyp bilerler.
- Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1972 (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy.
- Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-62-31; 48-62-33; 48-62-29.