ÝAŞLARYŇ SUNGATYNA HORMAT

Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýylyň-ýylyna uly şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilýär. Şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň hormatyna döredilen bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli her ýyl uly dabaralar, medeni-sport çäreleri, at çapyşyklary, dürli bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilýän bäsleşik hem şolaryň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da bu bäsleşige köp sanly eserler hödürlenilip, olardan iň gowulary saýlanyp-seçildi.

Milli bedew baýramy mynasybetli bu baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew “Kanunyň portreti” atly fotoişi üçin eseri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar — “Tolkun” telewizor we şahadatnama mynasyp boldy.

Ýaşlar baýragynyň eýesi zehinli talyp Hoşgeldi Garajaýewiň döreden foto eserleri döredijilik özboluşlylygynyň we özboluşly tebigy zehiniň, tutanýerli zähmetiň we ýokary ussatlygyň  ynandyryjy subutnamasydyr. Ýaş foto suratkeş daşky dünýäniň köpdürliligini we ahalteke bedewlerimiziň çylşyrymly içki dünýäsini doly açyp görkezýär. Kämilligiň çäginiň bolmaýşy ýaly, kämilleşmäniň hem çäginiň ýokdugyna düşünse-de, ol hemişe kämilleşmäniň ýolunda. Dünýä we türkmen şekillendiriş sungatynyň ýokary däplerine daýanmak bilen, ýadawsyz işleýär, işini hem tejribesini baýlaşdyrýar.

Ýaş fota suratkeşiň bu döredijilik bäsleşigine hödürlän foto eserlerinde bedewe bolan söýgüsini, onuň  wepadarlygyny, syrdamlygyny, akyllylygyny, çapyp bilmek aýratynlyklaryny wasp edýär, şeýle-de halkyň zehinini sungatda ebedileşdirilýändigini görmek bolýar. Bu sungat bolsa häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungatynda behişdi bedewler gözelligiň hem-de sazlaşygyň naýbaşy nusgasyna öwrüldi.

Bäsleşigiň ýeňijisi bolan çeperçilik akademiýanyň talyby Hoşgeldi Garajaýew öz döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna, mundan beýläk-de olaryň keşbini öz döredijilik eserlerinde beýan etjekdiklerine ynandyrdy.

DÖWRANGELDI MOÝTYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy, ilkinji  Ýaşlar guramasynyň başlygy

Meňzeş habarlar