Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Maslahat merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.
Maslahatyň dowamynda Ýaşlar hakyndaky Kanunyň taslamasyna seredildi, şeýle-de oňa käbir üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda çykyş edip, ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak bilen bagly birnäçe teklipleri öňe sürdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşlar hakyndaky Kanunyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň, 14-nji bendi goşmak, ýagny Ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtady.