ZEHIN – ZEHINDEN ZYÝADA

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda «Ahalteke bedewimiz – milli buýsanjymyz» atly makala ýazmak boýunça yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Hormatly Prezidentimiziň «Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Merdana halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek hem-de olaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri has-da rowaçlandyrarys» diýen dürdäne sözlerinden ugur alnyp, ýaşlaryň behişdi bedewlerimizi çeper beýan etmek, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlarymyzyň gözelligini, häsiýetli aýratynlyklaryny döredijilikli wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna uly itergi berdi.

Bäsleşigiň jemine görä, Baş baýraga Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Saýat Akmämmedowa mynasyp bolup,
2 (iki) müň manat pul baýragyna eýe boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Uzuk Döwletgeldiýewa birinji, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Nury Sakçyýew ikinji, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Şatlyk Kurbanow dagylar mynasyp boldular. Ýeňiji diýlip yglan edilen talyp ýaşlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, dünýäniň gözellik nusgasy hasaplanýan bedew atlarymyzyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömrüniň uzak, aýdyň maksatly belent tutumly işleriniň elmydama uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

baş hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar