«Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda durmuşa geçirilýän syýasatymyzyň esasy strategik maksatlarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän neşiriň sahypalarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen milli we halkara derejeli esasy wakalar giňişleýin şöhlelendirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllygynyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalaryna beslendi. Bu şanly sene mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň çapdan çykmagyny,12-nji dekabrda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegini esasy çäreler hökmünde görkezmek bolar. 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi we oňa laýyklykda, Mejlisden hem-de Halk Maslahatyndan ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi hem ýokarda agzalan wakalar bilen bilelikde neşiriň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň täze tomunda ykdysady ulgamda gazanylan üstünliklere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky materiallarda ýurdumyzda ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylan giň möçberli özgertmeleriň, ägirt uly taslamalaryň, milli maksatnamalaryň many-mazmuny, täzeçilligi açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynyň — senagat, maýa goýum, obasenagat, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň durnukly ösüşi, tebigy serişdeleriň oýlanyşykly we netijeli peýdalanyşy, eksporta gönükdirilen hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriniň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylyşy, daşary ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylyşy anyk deliller, hasabatdyr maglumatlar esasynda giňişleýin beýan edilýär. Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda sanly ykdysadyýetiň möhüm esaslaryny kemala getirmek üçin ulgamlaýyn işler alnyp baryldy, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi, 2020 — 2025-nji ýyllarda bilim ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy kabul edildi. Gürrüňi edilýän ýylda sebit we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek işleri hem üstünlikli dowam etdirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barlyp, onuň bilen ugurdaşlykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekilýär.
Kitapda getirilýän maglumatlar sebitde we dünýäde bolup geçýän geosyýasy wakalara çuňňur düşünmegiň, döwletiň daşary syýasy strategiýasyny öňdengörüjilikli, oýlanyşykly durmuşa geçirmegiň nusgasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasy strategiýasy kitapda ýerleşdirilen işleriň ählisinden eriş-argaç bolup geçýär. Ylmy-düşündiriş maglumatlary bilen üpjün edilen täze neşir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň 2020-nji ýylda gazananlaryny suratlandyrýan fotohronika bilen tamamlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň 14-nji tomy nazary we tejribe taýdan gymmatly bolup, olar taryhçylar, syýasatşynaslar, jemgyýeti öwrenijiler üçin Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň ähmiýetiniň mazmunyny we manysyny beýan edýän möhüm ylmy-resmi hem-de maglumat çeşmeleri bolup hyzmat eder.
«TÜRKMENISTAN»
28.07.2022.ý