Agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmak, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-paýhas taýdan kämil nesli kemala getirmek babatdaky nusgalyk aladalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri arkaly tutuş dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan döwlet syýasatynyň baş maksatlarynyň biridir. Hut şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary esasynda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek milli taglyma öwrüldi. Bu taglym jemgyýetimiziň jebisligini öňküdenem berkidýär, ýurdumyzyň her bir raýatyny sazlaşykly ösýän jemgyýetiň mizemez binýadyny has-da pugtalandyrmak maksadynyň daşyna jemleýär. Milli sporty ösdürmekde, jemgyýetimiziň sagdynlyk ýörelgelerini pugtalandyrmakda alnyp barylýan şeýle döwletli tutumlar Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe dowamat-dowam tapýar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky taryhy çykyşynda: “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýen çuň mazmunly sözleri munuň buýsançly tassyknamasy bolup ýaňlandy. Döwlet derejesinde şunuň ýaly aladalar bilen gurşalan hem-de şan-şöhraty dünýä dolan türkmen sporty merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýar. Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky gadymy ýol-ýörelgeleriniň, baý durmuş tejribeleriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp, kämilligiň täze belentliklerine göterilýändigini dünýä ýaýýar.
Berkararlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, eziz Diýarymyzyň obadyr şäherçelerini hem-de şäherlerini binagärlik taýdan has-da gözelleşdiren dürli medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar, köpsanly ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, şypahanalar, sagaldyş merkezleri halkymyzyň hyzmatyna berildi. Döwrüň öňdebaryjy enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu sport desgalary ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de netijeli sportuň pajarlap ösmegine düýpli itergiler berdi. Döredilen şeýle şert-mümkinçilikler öz nobatynda, sporta bolan şunuň ýaly ählumumy gyzyklanmalaryň gözbaşyna öwrüldi.
Biziň her birimizde sporta bolan çäksiz hormat-sarpany terbiýelän, iň gymmatly baýlygymyz bolan baş saglygymyz babatda her birimiziň ruhy-ahlak garaýyşlarymyzy kämilleşdiren şeýle tutumlaryň Balkan welaýatynda hem uly toplumynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça alnyp barlan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde obadyr şäherlerimizde, etrap merkezleridir şäherlerimizde gurlan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň hatarynda döwrebap sport desgalary hem mynasyp orun aldy. Balkanabat şäherindäki 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony, 50 orunlyk myhmanhanasy bolan köpugurly sport toplumy, Serdar, Garabogaz, Gumdag şäherlerindäki, Türkmenbaşy etrabynyň merkezindäki köp orunlyk stadionlar hem milli sporty ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak, halkymyzyň baş saglygyny hemmetaraplaýyn goramak ýaly asylly maksat-tutumlarynyň göwün göteriji miweleridir. Sportuň aýry-aýry görnüşlerine ýöriteleşdirilen häzirki zaman sport mekdepleri, döwrebap bilim ojaklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ýapyk sport zallary hem-de açyk sport meýdançalary, pudaklaýyn edaralaryň öz işgärleri üçin niýetlän açyk sport meýdançalary hem milli sporty ösdürmekde döwlet derejesinde edilýän aladalaryň rowaçlyklara beslenýändigini doly tassyklaýan durmuşy subutnamalardyr.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Awaza” sport toplumynyň umumy tutýan meýdany 30 gektara barabar bolup, toplum iň kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen desgalaryň ýedisini özünde jemleýär. Toplumda sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweşjeň sungatlar bilen meşgullanmak hem-de kämilleşmek üçin ähli amatlyklar bar. Edara binasyny, naharhanany, tennis, woleýbol, kiçi futbol ýaly birnäçe sport oýunlaryny oýnamak üçin niýetlenilen zaly, açyk sport meýdançalaryny, awtoulag duralgasyny özünde jemleýän bu sport toplumy türkmen türgenleri üçin türgenleşik okuwlaryny geçmekde hem arzyly ýerleriň biri boldy. Şeýle döwrebap sport desgalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, bu aladalara sportda gazanýan üstünlikleri arkaly jogap bermek bolsa sporta güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň hem-de hyjuwlylygyň gözbaşy hökmünde garaýan, sporta söýginiň durmuşa bolan söýgüdigine berk ynanýan türgenlerimiziň, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän röwşen ykbally ýaşlarymyň baş maksatlarynyň biridir. Berkarar Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, olimpiýa hereketini wagyz etmekde alnyp barylýan döwletli tutumlara saldamly goşantlaryny goşýan türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça gazanýan üstünlikleri halkara derejesinde ýokary bahalara mynasyp bolýandygy aýratyn buýsandyrýar. Ýagny muňa mysal edip: 2022-nji ýylyň 3-4-nji sentýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karatedo boýunça geçirilýän halkara ýaryşynda 18 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda toparlaýyn ýaryşda 1-nji orna, altyn medala, kuboga mynasyp bolan Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Begjanow Hemrany görkezmek bolar. Türgenlerimiziň sportuň dürli görnüşleri babatda eýeleýän sepgitleri türkmen sportunyň depginli ösüşleri başdan geçirýändigini tassyklaýan buýsançly subutnamalaryň esasylarynyň biridir. Diýmek, sport tutuş Diýarymyzy gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolan sagdynlygyň, ruhubelentligiň berk binýadydyr. Nesip bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türgenlerimiziň geljekde gazanjak üstünlikleri bu durmuş hakykatyny ýedi yklyma ýaýar! Pursatdan peýdalanyp şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen sportunyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, il ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy Guwanç Çendirow