TÜRKMENISTAN ― ÝUNESKO: KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYK YZYGIDERLI ÖSDÜRILÝÄR

Häzirki döwürde medeni gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Medeni gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler döwletara hyzmatdaşlygyň, gepleşikleriniň barşynda gazanylýan ylalaşyklarda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmek, taryhy, medeni gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirmek hem-de olary ylmy taýdan öwrenmek ugrunda giň gerimli işlere badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gadymy medeni mirasyny dikeltmegi, düýpli öwrenmegi, wagyz etmegi, gorap saklamagy, geljekki nesillere ýetirmegi döwlet derejesindäki möhüm ähmiýetli işleriň hatarynda goýýar. Bu babatda, diýarymyzda medeni ojaklarymyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmeklige, olary umumy adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde gorap saklamakda, şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň mümkinçilikler  döredilýär.

Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda diňe bir goňşy döwletler bilen däl, eýsem, dünýäniň  dürli döwletleri bilen özara ygtybarly, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar. Esasan-da halklary birleşdirýän BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy barha  berkitmeklige ymtylýar. BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi birnäçe ýyllardan bäri yzygiderli ösdürilýär. 

ÝUNESKO halkara ähmiýetli gurama hökmünde, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen esasy maksatlary, bilim, ylym we medeniýet pudagynda döwletler bilen halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn  goşant goşýar. Bu abraýly gurama medeniýete degişli ýadygärlikleri we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara derejedäki işde ilkinji orny eýeläp, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine uly hormat goýulmagyna esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda işleri alyp barýar. ÝUNESKO ― medeni diplomatiýany ösdürmek arkaly bütindünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegi öz öňünde maksat edinen iri halkara guramalaryň biridir. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda gol çekilen Tertipnama esasynda döredilýär. Guramanyň merkezi edarasy Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär.

ÝUNESKO-nyň işi onuň wezipe ugurlarynyň çäklerinde kesgitlenen maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Bu maksatnamalar esasy 4 topara bölünýär. Olaryň biri adam we biosfera maksatnamasy bolup, ekologiýa, daşky gurşaw we suw dolanyşygy ýaly meselelere gönükdirilendir. Bütindünýä mirasy maksatnamasynyň çäklerinde bolsa meşhur, şol bir wagtyň özünde-de ýok bolup gitme howpy abanýan gymmatlyklary goramak we dünýä mälim etmek bilen bagly işler amala aşyrylýar. Maddy däl medeni miras maksatnamasy nesilden-nesle geçip gelýän tebigat, taryh, medeni köpdürlülik we sungat bilen bagly maddy däl gymmatlyklary saýlap-seçmek hem-de dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmäge esas döredýär. Dünýä ýatlamasy (hatyrasy) maksatnamasyna laýyklykda, geçmişden şu günümize çenli saklanyp galan taryhy resminamalary we arhiwleri goramak, dikeltmek bilen bagly işler amal edilýär.  Şulardan görnüşi ýaly, ÝUNESKO guramasy döwletleriň bilim, ylym we medeni syýasatlaryndan ugur alýan milli bähbitlerini, şol sanda medeni diplomatiýasyny halkara giňişlikde öňe ilerletmäge deň hukukly we köptaraplaýyn mümkinçilikleri döredýän ajaýyp meýdançadyr.

Türkmenistan ― ÝUNESKO köpugurly hyzmatdaşlygynyň taryhyna ser salsak, onda  Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Beýik Britaniýanyň  London şäherinde ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna gol çeken gününden bäri, şeýle hem 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeniýet we tebigat mirasyny goramak hakynda» Konwensiýasyny tassyklamak bilen, onuň doly hukukly agzasy hasaplanýar. ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşen abraýly düzümi bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär we bu ugurda netijeli halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine önjeýli goşant goşýar.  Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda ägirt uly işleri alyp barýar.  1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň açylmagy netijesinde geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklarynyň geçen taryhy ýoluna ser salsaň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk  binýadynyň has hem berkeýändigine göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň 12 sany möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen, hyzmatdaşlygyň halkara kadalaryny giňden goldaýandygyny doly subut edýär.

 Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu toparyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary döredilip,  toparyň jogapkär sekretary hökmünde diplomat zenan, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bellenildi we bu toparyň täze düzümi we  onuň  Düzgünnamasy tassyklandy.  Häzirki  wagtda bu topar öz işini ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda ýurdumyzyň köp sanly taryhy, tebigy we medeni  gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek, olary ýurdumyzyň çäklerinde we Ýer ýüzünde yzygider wagyz etmek boýunça öz içine alýan Meýilnama esasynda alyp barýar. Şuňa laýyklykda, bu gurama bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has işjeňleşdirmek maksady bilen Milli toparyň ýörite iş dolandyryjy edarasy hökmünde Sekretariatyň hem ýerine ýetirmeli wezipeleri tassyklandy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň  ÝUNESKO bilen dürli ugurly gatnaşyklary has giňeltmek, işjeňleşdirmek ýaly wezipeleri alyp barýar. Ýurdumyzyň dürli ministrlikleri,  guramalary we beýleki pudaklary bilen bilelikde Türkmenistanyň taryhy, tebigy ýadygärliklerini we gymmatlyklaryny goramak, dikeltmek bilen olary ÝUNESKO-nyň maddy hem-de maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak arkaly bütindünýä ýaýratmak ýaly işler Milli toparyň hem-de onuň Sekretariatynyň öňündäki ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Onda esasy öňde goýlan wezipeler ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky at-abraýyny has hem berkitmek, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň bilim, ylym, medeniýet hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri  ÝUNESKO-nyň çäklerinde ösdürmekden ybaratdyr.

Şu günler medeni diplomatiýamyzyň üstünliklerini ýaşlaryň aňyna ýetirmek olaryň bu ugurdaky düşünjelerini giňeltmek maksady bilen, eýýäm  ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde ÝUNESKO burçlary, klublary döredilip, ýaşlaryň gatnaşmagynda  işjeň hereket alnyp barylýar.  Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň işleri barada  Türkmenistanyň Milli toparynyň ýardamy bilen Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylygyň dilleri” atly ÝUNESKO kluby döredilipdi. Ine, ýaňy ýakynda bolsa  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dünýä medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň açylyş dabarasy geçirildi. Talyp ýaşlar bu döredilen klublaryň işjeň agzalary hökmünde BMG-niň we ÝUNESKO-nyň parahatçylyk taglymatlaryny, maksatnamalaryny, konwensiýalaryny çuňňur öwrenijiler we wagyz edijiler bolup, olar bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp,  geljekde medeni diplomatiýamyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar.  

 

         Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Meňzeş habarlar