SUW AEROBIKASY

Sagaldyş-suw aerobikasy

Suw aerobikasy suwda maşklary ýerine ýetirmegi we esasy muskul toparlarynda fiziki işjeňligi birleşdirmegi öz içine alýan aerobikanyň bir görnüşidir. Başgaça aýdylanda, suw aerobikasy sazly ritmiki suw gimnastikasy ýa-da tansydyr. Adaty suwda ýüzmekden tapawutlylykda suw aerobikasynda adam keseligine däl-de, dikligine suwda durýar.

Suw aerobikasy adam bedeniniň çeýeliginiň wagtyndan öň peselmeginiň öňüni alyp, işjeňligi ýokarlandyrýar. Şonuň üçin saglygy berkidýän suw aerobikasy oňurga we bogun keselleri bolan adamlara, hatda garrylara-da maslahat berilýär.

Sagaldyş-suw aerobikasynyň aýratynlygy

Howuzdaky maşklar hereketiň ýokarlanmagyna, ähli myşsa toparlarynyň ösmegine we güýçlenmegine, bilelikdäki hereketiň gowulaşmagyna goşant goşýar. Şeýle-de, myşsalary durnuklaşdyrmaga kömek edýär.

Bedeniň suwdaky ýagdaýy ýüregiň işini ep-esli ýeňilleşdirýär, gan aýlanyşy kadalaşdyrýar, şol sebäpli ýüregi gowşak adamlar üçin suw aerobikasy peýdaly hasaplanýar we ýürek-damar keselleriniň öňüni almak üçin hem ulanylyp bilner.

Suw aerobikasynyň täsiri haçan duýulýar?

Ilkinji sapaklardan soň eýýäm keýpiň çaglanýandygy we ýürek joşgunyň artýandygy duýulýar. Kem-kemden myşsalar güýçlenip başlaýar, iş ukyby artýar, emosional ahwallar gowulaşýar we işjeňlik ýokarlanýar.

Beýleki sport görnüşlerinde bolşy ýaly, göze görnüp duran netijäni gazanmak üçin hepdede 2-3 gezek türgenleşmeli we azyndan 3 aý türgenleşigi kesmeli däl.

Suw aerobikasy bilen meşgullanmak saglygyňyza we ýaşlygyňyza goşantdyr! Maşk edip başlaň we suwuň jadyly täsirini duýuň!

 

Aýjahan MÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe

we sport institutynyň sport

tansy hünäriniň talyby.