“MAŞGALA MUKADDESLIGI –HALKYMYZYŇ MILLI TERBIÝESINIŇ GÖNEZLIGIDIR”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde “Maşgala mukaddesligi –halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir” ady bilen Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşygyny geçirdi. Maslahatda çykyş edenler:“Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz” diýlişi ýaly, nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biri-de maşgaladaky agzybirlikdir. Maşgalada agzybirlik höküm sürýän bolsa, özara ylalaşyk bar bolsa, birek-birege sarpa, hormat goýulsa kiçiler söýülse, çaga edep-terbiýeli bolup ýetişýär. Ata-eneler öz durmuş mekdebinden alan terbiýesini, ata-babalarymyzdan miras galan milli häsiýetleri çagalaryň kalbyna guýup, olarda gowy häsiýetleri terbiýelemekde we ösdürmekde görelde görkezmegi başarmalydyrlar. «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini» diýip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde enäniň hyzmaty uludyr. Ynsanyň zemindäki seždegähi ene. Ene Käbe. Ene dünýä. Ene ýaşaýyş gözelligi. Eneleriň nurana keşbi ynsanyň kalbyny ýyladýar. Eneler bizi geljege ruhlandyrýan, güýç-kuwwat berýän beýiklikdir. Şonuň üçin halkymyz maşgala ojagynyň geljekki eýeleri boljak gyz çaganyň terbiýesine uly üns berýär. Maşgalada perzent terbiýesi, edep-görelde görkezmek, öý ojagyň agzybirligini saklamak aýal maşgalanyň gerdenine düşýär. Şonuň üçin hem türkmen aga asyrlar boýy öz gelin-gyzlaryny boýdan-başa altyn-kümşe bezäp, gymmatdan-gymmat halat-serpaý ýapyp, öýüniň arzy-many hasaplapdyrlar. Oňat terbiýe berlen, çeper elli, dili şeker, öý-hojalyk işlerine gaýym bolup ýetişen gyzy bolsa, her kim gelin edinip, mukaddes maşgala ojagynyň törüne geçirmegiň arzuwynda bolýar. Kişi maşgalasy bolmaly gyzyň edenli, her bir işe ykjam bolmagy üçin hem ýedi enäniň her biriniň terbiýesinde, edep-ekramynda, el-hünärliliginde görelde görkezjek goşantlary bolmalydyr. Türkmençilikde ýedi ene diýlende How ene, bibi ene, süňk ene, göbegine, eneke, ýeňňe-gelneje, gaýynene göz öňüne tutulýar.

Howene ähli eneleriň enesi. Gyz maşgala gyzlyk sypatyny, hüý-häsiýetini, ruhuny berýän ene. Eneleriň enesinden peşgeş berlip, ganyna gatanç edilen bu ajaýyp häsiýetler gyz maşgalalarda barha berkäp, olaryň bezegine, ýüzüniň tuwagyna öwrülmelidir.

Bibiene gyzyň kakasynyň ejesi, enesi. Ol agtygyna çaga göwrede galandan tä bagty açylýança bibi bolup gezmegi, çünki süňňini dogluşy deýin abat hem päkize saklamagy berk sargaýar, gursagyna guýýar.

Süňk ene gyzyň ejesi. Ol ony dünýä inderýär, kemala getirýär, ömürboýy abraýly bolmagyny isleýär.

Göbegine çaga doglanda ilki garşy alýan, göbegini kesip, ýerden göterýän ene. Ol ikijany bir-birinden aýyrýar, ýaşaýyşa ýol açýar.

Eneke hakyna tutma ene, terbiýeçi. Dürli sebäplere görä, ejesiniň çagasyna esewan bolmaga, terbiýelemäge mümkinçiligi bolmadyk halatynda enekäniň hyzmatyndan peýdalanylýar. Ol çaga terbiýe berýär, edep-ekram öwredýär, sabyr-takatlylygy, akyl-paýhaslylygy ündeýär.

Ýeňňe gelneje gyzyň agasynyň aýaly. Ol gyz maşgala üçin ýakyn syrdaş bolýar. Ýeňňesi baldyzy bilen syr alşyp, syr berişýär. Gyz syryny saklamak asylly terbiýeden nyşan. Maşgalada ýeňňe gyzyň iň ýakyn hemaýatçysydyr.

Gaýynene gelniň ýanýoldaşynyň ejesi. Ol gelniň mährem hossaryna öwrülýär. Gaýynene gelnine agzybir maşgala gurmakda iň ýakyn hem aýatçy, öwüt-goldaw berýän beýemçi bolýar.

Ýedi enäniň pähim-paýhasyny, terbiýesini süňňüne siňdirip, durmuşa gadam basýan gyzyň bagtyýar öýüň-ojagyň bikesi bolýandygyna durmuşyň mizan terezisi bolan wagt görkeze-görkeze gelýär. Goý, biziň goç ýigitlerimize ýedi enäniň ýelpän gyzlary ýar bolsun. Çagalar şular ýaly mukaddes, göreldeli maşgala ojagynda, mähirli aladalaryň saýasynda ösüp-ulalsalar, geljekde bagtly hem hakyky watançy, il-günüň guwanjy bolup ýetişerler. Çagalaryň bagtly durmuşy olaryň ýaşaýan ýurdunyň abadançylygydyr hem berkararlygydyr diýip giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň ahyrynda, çykyş edenler bize şeýle ajaýyp,asuda durmuşy peşgeş beren, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

 

E.ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR