Bu tapgyrda derwezelere 18 gol geçirildi. Şeýlelikde, tapgyr gollaryň sany boýunça 3-nji tapgyryň rekordyna şärik boldy. Indi möwsümde her birinde 18 pökgi geçirilen tapgyrlaryň ikisi emele geldi. Bu möwsümiň iň ýokary netijesidir. Tapgyryň gollara baý bolmagynda 5 gol geçirilen «Köpetdag» – «Nebitçi» (4:1) we 6 gol geçirilen «Ahal» – «Energetik» (6:0) duşuşyklarynyň aýratyn uly paýy bardyr.
«Köpetdagyň» futbolçysy Öwezbaý Muhammetmyradow Türkmenistanyň çempionatyndaky ýubileý goluny geçirdi. 17-nji tapgyrda «Nebitçiniň» derwezesine üç pökgi geçiren Öwezbaý Muhammetmyradowyň ikinji goly onuň çempionatdaky 20-nji goly hökmünde bellige alyndy.
Şu möwsümde diýseň netijeli çykyş edýän Begenç Akmämmedow «Köpetdagyň» Türkmenistanyň çempionatyndaky 1300-nji goluny tora saldy. Çempionatyň ilkinji ýyllaryndan 2007-nji ýyla çenli ýaryşan ozalky «Köpetdagyň» görkezijileriniň hem hasaba alynýandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, «Köpetdag» Ýokary liganyň taryhynda 1300 gola deň bolan sepgide ýeten ikinji topar boldy. Birinji orunda üznüksiz çykyş edip gelýän «Nebitçi» barýar. Balkanabat şäheriniň topary 30 möwsümde garşydaşynyň derwezesine 1554 pökgi girizipdir.
Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» Ýokary ligada derwezesine iň kän pökgi geçirden toparlaryň ilkinji üçlügine girdi. Şahsy hasaplamalarymyza görä, şu möwsümiň 17-nji tapgyrynda «Altyn asyr» bilen geçirilen duşuşykdan soň (1:3) «Şagadamyň» çempionatda derwezesine geçirden pökgüleriniň sany 1044-e çykdy. Ozal üçünji orunda 1041 gol bilen «Ahal» barýardy. Geçen tapgyrda «Ahal» bilen deň görkezijä eýe bolan «Şagadam» 17-nji tapgyrdan soň üçünji orna geçdi.
17-nji tapgyrda myhmançylykda «Ahaldan» uly hasap bilen ýeňlen «Energetik» (0:6) Ýokary ligada 112-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Şeýlelikde, milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda 2015-nji ýyldan bäri yzygiderli çykyş edip gelýän «Energetik» ligada iň kän utulan toparlaryň arasynda 9-njy orna geçdi. Öň bu orny 111 ýeňlişi bolan Aşgabadyň «Talyp sporty» topary eýeleýärdi.
Taýýarlan Agageldi ITALMAZOW,
sport žurnalisti.