TÜRKMEN DILINIŇ SÖZKÖKI (ETIMOLOGIK) SÖZLÜGI

Atdar [atda:r] – Atyr sözi bilen kökdeş bolan bu adalga ysly ot-çöplerden we dürli närselerden hoşboý ysly önümleri, atyry, dürli dermanlary taýýarlaýan hem-de şolar bilen keselleri bejerýän adamlary aňladypdyr. Ýasan önümlerini ýerleşdirmek üçin olar ululy-kiçili dürli gutulary ulanypdyrlar. Köpçülikde ilden çyka bir iş eden adama «Seniň bu eden işiň atdaryň gutusyna sygjak zat däl» diýilmesi hem şol gutular göz öňünde tutulyp aýdylypdyr.

At güýji – Maşynlaryň kuwwatlylygy at güýji bilen ölçelýär. Eýsem, bu güýç näme we onuň ady nireden gelip çykypdyr?

Uniwersal ýylylyk ýöregini (dwigatelini) oýlap tapan iňlis alymy Jeýms Uatt (1736-1819) piwo ýasaýan baýyň talaby boýunça oňa bug maşynyny ýasap bermeli bolýar. Ol maşyn suwy belende sorup çykaryjyny işletmeli eken. Öň bu suw sorujy at güýji bilen herekete getirilipdir. Piwoçy baý bug maşynynyň güýjüni atyňky bilen deňeşdirmek isläpdir we atlaryň iň daýawyny saýlap, 8 sagatlap dynman işledipdir. At janawar şol wagtyň içinde 2000 tonna suwy ýokarda ýerleşen gaplara akdyrypdyr. Sorujynyň we belentde oturdylan gaplaryň aralygyny hem-de ýokary çykarylan suwuň agramyny ölçäp, 8 sagada bölüpdirler. Netijede bu atyň bir sekuntda 75 kilogram suwy bir metr ýokary galdyrandygy anyklanypdyr. Şu wakadan soň, şertli suratda 75 kg. ýüki bir metr ýokary götermäge ukyply güýç bir at güýji diýlip atlandyrylmaga başlaýar.

Näme üçin piwoçy baý iň daýaw aty saýlap, ony çalt we arakesmesiz işlemäge mejbur etdikä? Munuň sebäbi düşnükli: ýerli ilatyň atlaryny hakyna tutup, olaryň ählisine deňeçer, belli bir mukdarda pul töleýän baý Uattyň ýasan bug maşynyna onuň näçe atyň ýerini çalşyp biljekdigine görä nyrh kesipdir. Gamçylanyp haýdadylan daýaw at arakesme bilen işleýän ejiz atlaryň ikisiniň etjek işini ýerine ýetiripdir. Diýmek, piwoçy baý bug maşynyny ýarym bahasyna satyn alypdyr.

Atlyk – Hywa hanlygynda uruşgan, batyr türkmen ýigitlerini nöker edinmek üçin, hanlykdaky beýleki halklaryň däl-de, diňe türkmen halkynyň wekillerine bölünip berlen ýer ölçegi (bu hakda Hywanyň taryh muzeýinde ýörite ýazylyp goýlupdyr). Türkmen ilatyny tabynlykda saklamak üçin we olar hana baş göteren halatynda suwuny kesmek aňsat bolar ýaly, türkmenlere uly kanallaryň aýak çetlerinden atlyk ýerler berlipdir. Bir atlyk ýer, ýeriň hiline görä, 10, 20, 30, hatda 50 tanapa deň bolupdyr (bir tanap ýer – 0,4 gektar). Bir tanap ýer üçin türkmenleriň 5-7 hojalygy birleşip, Hywa hanyna bir atly nöker bermeli bolupdyrlar. Atly nöker üçin berlen ýerlere-de atlyk diýen at galypdyr. Daşoguz ülkesinde bu sözüň gatnaşmagy bilen ençeme ýer-ýurt atlary hem döräpdir. Meselem, Görogly (öňki Tagta) we Gubadag etraplarynda Bäşatly, Bäşatlyk obalary, Görogly etrabynda Dördatly diýen oba we ýap, Akdepe etrabynda Ýediatlyk obasy, Boldumsazda Onatlyk obasy, Akdepe etrabynda Sekizatlyk obasy we başgalar.

1873-nji ýylda Hywa hanlygy Orsyýet tarapyndan basylyp alnandan soň, ýer üçin nöker däl-de, salgyt bermek düzgüni girizilýär.

Atoglan – Daşoguz we Balkan etraplarynda ýaryşa goşulýan atlary çapýan çapyksuwarlara atoglan diýilýär. Bu adalga arassa türkmen sözlerinden emele gelen aňlatmadyr.

Atyr – Hoşboý ysly suwuklygy aňladýan bu söz araplaryň ytr sözündendir. Ytr «ysy ýakymly, bedene çalynýan ýag; hoşboý ysly ot (gül) şiresi» ýaly manydadyr.

[a:ý] – Ýer togalagynyň hemrasy bolan asman ýagtyltgyjynyň ady ak (a:k) diýen reňk ady bilen kökdeş bolup, ol «ýagtylanýan», «ak öwüşginli» diýen manydadyr. we ak sözleri biri-biriniň ýerini çalşyp hem bilýär: ak ýüzli – aý ýüzli.

Aýa [a:ýa], aýmak [a:ýmak] – Açylan eliň tekiz ýeriniň ady bolan aýa sözi «açmak», «ýazmak» manysyndaky a:ýmak işliginiň a:ý köküne -a at ýasaýjysynyň goşulmagyndan hasyl bolupdyr. Manysy – «açylan (el)». Ýumlan eliň ýumruk, açylan eliň (ýagny aýanyň) hem türkmen şiwelerindäki a:ýryk we a:ýrym diýen atlary bu pikiriň dogrudygyna güwä geçýär. Gadymy a:ý işligi a:ýdyň, a:ýa:n sözlerinde, şeýle-de «Şatärimleri a:ýmaly we işiksöýä berkitmeli» sözleminde «ýazmak» manysynda ulanylan aýmak işliginde saklanypdyr.

Aýak – Janly-jandaryň ýöremäge hyzmat edýän synalarynyň aýak diýen ady iňňän irki döwürlerde azak, ondan öň bolsa adak görnüşinde eken. Bu söz çagany aýaklandyrmak üçin ulanylýan kiçijik, dört agaç tigirli arabajygyň adagaraba diýen adynda saklanypdyr. Adak sözi aslynda «oklamak, taşlamak, atmak (öňe atmak), ätlemek» manysyndaky ad (at) diýen düýp işlikden we at ýasaýjy -ak goşulmasyndan durýar (deňeşdiriň: guç-gujak, gon-gonak, ýat-ýatak).

Aýal [aýa:l] – «Çagaly zenan» manysyndaky aýal adalgasynyň asly arapça bolup, ol «çagany» aňladýan aýlil sözüniň köplügi bolan iýal («çaga-çuga») sözündendir. Soňra bu sözüň başky i sesi a sesine geçip, «maşgala», «aýal» manysyny aňlatmaga başlapdyr. Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu-bilig» eserinde aýal sözi «çaga-çuga» manysynda gelýär:

 

Ogul-gyz esizi atadan kedin,

Atamaz atasyn, anasyn adyn.

Bu ýaňlyg iýaldan kaçan bar wefa.

 

Terjimesi:

Ogul-gyz erbedi atadan keýin,

Ýatlamaz atasyn, enesiniň adyn.

Beýle ogul-gyzdan haçan bar wepa.

 

Gadymy türkler aýal sözüne derek hatyn, uragut, tişi sözlerini ulanypdyrlar. Balkarlar bolsa aýala tişuruw (tişi urug, ýagny urugy dowam etdirýän urkaçy) diýipdirler.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR