«MERDANA NESIL – 2022» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda geçirýän «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşiginiň

 

DÜZGÜNNAMASY

Arkadagly Serdarymyzyň «Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmakdan şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim  berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň  arasynda «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşik  kiçi ýaşly oglanlaryň merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, gahrymançylykly synmaz ruhuna we kämil nusgalyk häsiýetlerine uýmak, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä  sylag-hormaty terbiýelemek, kesp, kär, hünär öwrenmeklige höwes döretmek we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar.

 

I. Umumy düzgünler

  1. Şu Düzgünnama «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşigiň  maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.
  2. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 3-5-nji synplarynda okaýan, ozal «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy oglanlar gatnaşyp bilerler.
  3. «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşigine gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler okuwçy oglanlaryň her bir çykyşy üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Bäsleşikde eminleriň beren bahary deň çykan ýagdaýynda bellenen orunlar degişlilikde köpeldilip bilner. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

 

II. Bäsleşigiň geçiş tertibi:

1. Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär.

2. Şadyýan bäsleşik aşakdaky tertipde dört tapgyrda geçiriler:

  • birinji tapgyr 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-den 26-na çenli aralykda  orta mekdeplerde;
  • ikinji tapgyra mekdep bäsleşiginde 1-2-nji orunlary eýelän okuwçy oglanlar gatnaşýarlar. Bu tapgyr etraplarda, şäherlerde noýabr aýynyň 1-den 9-na çenli aralykda;
  • üçünji tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän oglanlar gatnaşýarlar. Bu tapgyr welaýatlarda we  Aşgabat şäherinde  noýabr  aýynyň 11-den 23-ne çenli aralykda;
  • jemleýji tapgyra welaýat we Aşgabat şäher tapgyrynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän oglanlar gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu tapgyr dekabr aýynyň 2-den dekabr aýynyň 7-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.

 

III. Bäsleşigiň  şertleri:

  1. Türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmeli (wagty 3 minuda çenli).
  2. Okuwçy oglan ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmeli. (wagty 3 minut).
  3. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli (wagty 5 minuda çenli).

 

IV. Bäsleşige gerekli resminamalar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat şäher Geňeşleriniň mejlisleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky kararlary, ýeňiji bolan okuwçy oglanlar barada şu aşakdaky görnüşde resminamalary 2 (iki) nusgada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-ne çenli ibermeli.

  • Maglumat (görnüş №1, görnüş №2);
  • Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;
  • 3х4 ölçegdäki 4 sany surat;  
  • Okaýan mekdebinden kepilnama;
  • Ýerine ýetirjek aýdymynyň sözleri, minidisk görnüşindäki ýazgysy (plýus) we sazy (minus).

Bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynda işjeň gatnaşan we tapawutlanan çagalara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Jemleýji tapgyrynda baş baýragy, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelänler ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Hormat hatlar we sowgatlar gowşurylar.  

 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-85;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.