MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA

 «NESIHATYM — ULY ILE YLYMDYR»

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny, dilini, edebiýatyny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilik döredildi. Ýurdumyzda türkmen dili bilen birlikde, daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem ähmiýet berilýär. Şonuň üçin, ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okamaga we öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde iňlis, rus, türk, arap, pars hem-de beýleki  daşary ýurt dilleri okadylýar. Bu bolsa bütin dünýä, şol sanda, onlarça asyr bäri taryhy-edebi gatnaşyklarymyz dowam edip gelýän arap ýurtlary bilen hem edebi we medeni gatnaşyklarymyzyň ösmegine oňyn täsir edýär.

Gahryman Arkadagymyz özüniň edebi, ylmy kitaplarynda ene dilimizi has-da baýlaşdyrmak, bir döwürlerde ulanyşdan galan, emma nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde köp gabat gelýän sözlerimizi täzeden dolanyşyga girizmek hakynda gaýta-gaýta nygtaýar. Bu meselede Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bize görelde bolýar. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» atly romanynda gepleşikde kän ulanylmaýan zirek (akylly), perrende (guş) ýaly onlarça sözlerimizi ulanyp, olara sözlükde düşündiriş berýär. Bu bolsa, köne sözlerimiziň täzeden janlanmagyna we dilimiziň has baýlaşmagyna uly täsir edýär.

Gadymy dilleriň biri bolan milli dilimiz häzirki zaman türkmen dili görnüşine eýe bolýança, örän uzak taryhy döwri we wakalary başdan geçiripdir. Şol döwür içinde käbir diller türkmen diliniň has-da baýlaşmagyna we ösmegine belli bir derejede oňaýly täsir hem edipdir. Geçmişde Türkmen diliniň kämilleşmegine, ylmy hem-de çeperçilik gymmatynyň baýlaşmagyna täsir eden dilleriň biri hem arap dilidir. Bu iki diliň biri-birine oňaýly täsiriniň bolmagy uzak taryhy ýagdaýlar bilen baglydyr.

Türkmen-arap gatnaşyklary öz gözbaşyny VII asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar. Araplaryň Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistanyň çäklerine gelmegi bilen täze düşünjeler, pelsepewi pikirler, adalgalar peýda bolýar. Şol döwürlerden başlap, türkmen-arap edebi we ylmy gatnaşyklary ösüp başlaýar. Belli bir wagtlap arap dili ylmyň dili saýylýar. Onsoň belli türkmen alymlary, edebiýatçylary, taryhçylary, şahyrlary, tebipdir lukmanlary Magtymguly Pyragynyň «Araba bagş etdiň diliň ýagşysyn» diýşi ýaly, öz eserlerini arap dilinde ýazyp başlaýar. Bu hem halkyň ylmy, edebi we gepleşik diline, belli bir derejede täsirini ýetirip ugraýar. Şondan soň bolsa, türkmen dilinde ýazylan eserlerde hem ençeme arap-pars sözleri türkmen diliniň içki kadasyna uýgun görnüşde ulanylyp başlaýar. Bu bolsa, birnäçe sözleriň arap dilinden türkmen diline ýa-da türkmen dilinden arap diline geçmegine getiripdir. Munuň şeýledigini nusgawy şahyrlarymyzyň, şol sanda Magtymgulynyň goşgularynda gabat gelýän arap-pars sözleri hem subut edýär. Şonuň üçin arap dilini nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularynda gabat gelýän arap sözleri bilen baglanyşdyryp öwrenmek has netijeli bolýar. Bu nusgawy edebiýatymyzy oňat öwrenmäge hem höwes döredýär. Sebäbi nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda duş gelýän arap sözlerini bilmek we olaryň näme üçin ulanylandygyny öwrenmek olara gowy düşünmäge ýardam edýär. Mysal üçin Magtymgulynyň «At islärin » atly goşgusyndan bir mysal alyp göreliň:

Pyragy, yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje duşdum,

Hor galmasyn puşdan-puşdum,

Berkarar döwlet islärin.

Bu bentde gabat gelýän «puşt» sözi «nesil», «nebere» diýen manyny, «berkarar» sözi bolsa, «mäkäm», «berk», «durnukly», ýagny «dowamat dowam» diýen manyny berip, nesillerimiz üçin dowamat-dowam edýän döwlet isleýärin diýmegi aňladýar.

Türkmen dilini gaty inçeligi bilen bilýän Magtymguly şygyrlarynda peýdalanan arap-pars sözlerini umumy aýdylanda, aşakdaky görnüşlerde ulanypdyr diýse bolar:

Birinji, Magtymguly öz şygyrlarynda asly arap sözleri hem bolsa, bireýýäm türkmen sözüne öwrülip giden ýagny, türkmenleşen sözleri giňden peýdalanypdyr. Mysal üçin:

Ýedi ýaşda düşer dişiň,

Ylym, mekdep boldy işiň.

Ýa-da:

Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,

Nesihatym uly ile ylymdyr.

Bu ýerde asly arap dilinden geçen ylym, mekdep, älem we nesihat sözlerine bu gün düşündiriş bermegiň geregi ýok. Bu sözler hemmämiz üçin düşnükli we eýýam türkmen diline, dilimiziň sözlük goruna doly ornaşypdyr. Magtymguly bu ýerde nesihat sözüne derek häzirki wagtda-da dilimizde giňden ulanylýan öwüt we ündew sözlerini hem ulanyp bilerdi. Emma şahyr muňa zerurlyk duýmandyr, sebäbi nesihat sözi dilimize doly ornaşypdyr we bu gün biziň öz sözümize öwrülip gidipdir. Şonuň üçin şahyr olaryň haýsy biri bogun ölçegine ýa-da sazlaşyga laýyk gelse, şony ulanypdyr. Bular ýaly sözler köp, meselem: kitap, mekdep, galam, owwal, ahyr we beýlekiler. Bular aslynda arap sözleri bolsa-da, häzir olar biziň öz sözlerimizdir. Sebäbi olar doly sözlük gorumyza bireýýäm ornaşdy. Ýörite öwrenilende bolaýmasa, olary türkmen dilinden tapawutlandyrmak mümkin däl.

Ikinji, Magtymguly şygyrlarynyň has täsirli bolmagy üçin, dürli rowaýatlarda atlary geçýän köp sanly adam atlaryndan hem peýdalanypdyr. Meselem:

Nemrut Haka ok taşlady,

Şetdat bir jennet başlady,

Dört ýüz ýyllykda işledi,

Ady hem erem bagydyr.

Bu bentde gabat gelýän Nemrut we Şetdat diýen adam atlary türkmen halkynyň arasyna arap rowaýatlary bilen aralaşan atlardyr. Bu adamlar bilen bagly şeýle rowaýat aýdylýar:

Rowaýata görä, Babylyň gadymy patyşalarynyň biri Nemrut özüni hudaý diýip yglan edipdir. Ol soňra ýeriňem, asmanyňam hudaýy boljak diýip, bir üsti açyk sandyk ýasadyp, onuň dört burçuna dört sany ujuna et baglanan syryk berkitdiripdir. Soňra sandyga on günläp aç saklanan dört sany bürgüt daňdyrypdyr. Nemrut sandyga münende bürgütler syryga baglanan eti iýmek üçin ýokary uçupdyrlar. Bürgütler uçdugyça syrykdaky et hem, sandykdaky Nemrut hem asmana göterilipdir. Nemrut al-asmana çykandan soň, hudaýy öldürjek diýip, ýaýyna ok salyp, asmana atyp goýberipdir.

Bu bentde ady geçýän Şetdat bilen bagly hem ýokardaky ýaly bir rowaýat bar. Rowaýatlara görä, Şetdat hem Nemrut ýaly özüni hudaý diýip yglan edipdir hem-de ýer ýüzünde jennet gurjak diýip, ullakan bir bag saldyrypdyr. Ol bagyň her bir agajy altyndan, miweleri göwherden bolupdyr. Ol bag dört ýüz ýylda gurlup gutarypdyr. Ol bagyň adyna Erem bagy diýlipdir.

Magtymguly bu ýerde bu rowaýatlary ýatlamak üçin Nemrutdyr Şetdadyň adyny agzamaly bolupdyr. Sebäbi ol rowaýatlar goşgynyň has täsirli bolmagyna we şüweleňli okalmagyna ýardam edýär.

Üçünji, Magtymguly käbir rowaýatlary, wakalary ýa-da dini düşünjeleri aňlatmak üçin, arap diliniň üsti bilen geçen, Türkmenistandan başga ýerlerde ýerleşýän ýer-ýurt atlaryny hem şygyrlarynda ulanmaly bolupdyr. Mysal üçin:

Dabbetil- arz atly Deçjal soňundan,

Merweden, Safadan bir beýan geler.

Bu setirlerde getirilen Merwe we Sapa Arabystanda, Mekge şäherinde ýerleşen iki sany kiçiräk dagyň adydyr.

Dördünji, Magtymguly öň türkmen dilinde many-düşünjesi ýok bolan we arap dilinde gabat gelýän sözleri, düşünjeleri we adalgalary hem şygyrlarynda ulanypdyr. Bular, esasan, dini düşünje aňladýan sözler we adalgalardyr. Meselem:

Behiştiň otlagyn ýaýlar,

Howzy-Köwser suwlagydyr.

Türkmenleriň arasynda öň behişt ýa-da jennet düşünjesi bolan bolsa-da, Köwser howzy adalgasy türkmen düşünjesinde bolmadyk dini adalga we sözdür. Şuňa meňzeş sözlere we adalgalara ýokarda getirilen «Dabbetil-arz» we «Deçjal» ýaly sözler hem degişlidir.

Ine, bu dört sebäp Magtymgulynyň şygyrlarynda arap sözlerini ulanmaga iteren esasy ýagdaýdyr.

Bäşinji, şahyr goşgularynda bir sözüň köp gaýtalanmazlygy, şygyrlarynyň has çeper, has şirin, köp öwüşginli bolmagy üçin, çeperçilik hyzmatyny ýerine ýetirýän arap-pars sözlerinden hem giňden peýdalanypdyr. Bulara meňzetmeler, deňeşdirmeler, ulaltmalar kiçeltmeler we beýlekiler degişlidir. Mysal üçin:

a) meňzetmeler:

Adamzatdan çykar adamlyk ysy,

Galp adamyň basym biliner misi.

Bu ýerde arap dilinden geçen «galp» sözüniň üsti bilen ikiýüzli adam gyzyla mis garyşdyrylyp ýasalan galp teňňä meňzedilýär we galplygy — ikiýüzlüligi basym belli bolar diýilýär.

b) deňeşdirmeler

Yşk bilen açylan täze bir gül sen,

Ýusup-Züleýhanyň taýy gözel sen.

Bu ýerde şahyr Meňliniň gözelligini Ýusup we Züleýha bilen deňeşdirýär. Ýusup we Züleýha türkmenleriň arasyna arap edebiýatynyň üsti bilen ýaýran hekaýatdyr. Bu hekaýat bilen baglanyşykly Nurmuhammet Andalyp «Ýusup-Züleýha» dessanyny hem döredipdir.

ç) ulaltmalar:

Gurşun deý erider Kap dek daglary,

Daş hem gelse, ýyglap geçer halyma.

Bu ýerde şahyr öz ýüreginiň oduny beýan edip, mendäki yşk derdi hyýaly dag bolan Kap dagyny hem gurşun ereden ýaly ereder diýýär. Kap dagy baradaky düşünjeler hem Gündogar ýurtlaryna arap rowaýatlarynyň üsti bilen ýaýrapdyr.

Şol rowaýatda aýdylyşyna görä, Kap dagy ýeriň daşyny gurşap alypmyş, belentligi hem bäş ýüz parsahmyş (her parsah 6-7 km). Onuň köp bölegi-de suwuň içindemiş. Ýer ýüzündäki ähli daglaryň köki Kap dagyna baryp sepleşýärmiş. Kap dagy zümerretden bolup, irden Günüň şöhlesi düşende, ýap-ýaşyl öwüsýärmiş. Howanyň, ýagny asmanyň mawulygy hem şonuň ýalkymyndanmyş.

d) kiçeltmeler:

Gaplaň güýçden galar, döner gurt gurba,

Guş hem gelse, ýyglap geçer halyma.

Şahyr bu setirlerinde meniň bu derdime hiç kim döz gelip, tap getirip bilmez, gaplaň bolsa, güýçden gaçardy, gurt, ýagny möjek pişige dönerdi diýýär.

Altynjy, şahyr şygyrlarynda sazlaşma hyzmatyny ýerine ýetirýän käbir arap-pars sözlerini hem ulanypdyr:

Daryg-a, din üçin ýokdur bir işim,

Ömrüm edalandy, agardy rişim.

Bu ýerde şahyr «riş», ýagny sakgal sözüni kapyýanyň sazlaşygy üçin getiripdir. Eger şahyr «riş» sözüne derek «sakgal », hiç bolmanda «saç» sözüni ulanan bolsady, jüpüne düşen kapyýa bolmazdy. Goşgynyň akgynlygy we sazlaşygy ýiterdi.

Ýedinji, şahyr şygyrlarynda bogun sanynyň we sazlaşygynyň dogry saklanmagy üçin hem käbir arap-pars sözlerini ulanan wagty bolupdyr.

Köňül dünýä zerin yzlap durupdyr,

Göz hem gözelleri gözläp durupdyr.

Görnüşi ýaly, şahyr bu ýerde bogun sanyny we içki sazlaşygy saklamak üçin, «zer» sözüni ulanypdyr. Eger bu ýerde «zer» sözüne derek «altyn, kümüş ýa-da baýlyk» sözlerini ulanan bolsady, bogun ölçegine laýyk gelmezdi we sazlaşyk bozulardy. Zer sözi hem türkmenleriň öz özüne öwrülip giden sözleriň biridir (meselem: zergär). Şonuň üçin şahyr bu sözi erkin ulanypdyr.

Şahyr kähalatlarda ulanyşdan galan köne türkmen sözlerini hem öran ýerlikli ulanypdyr.

Ak uçmahlyk diýrler, gara — tamuglyk,

Dünýäniň soňundan şu zaman geler.

Sözlük: Uçmah — jennet, tamug — jähennem.

Görnüşi ýaly, akyldar şahyr şygyrlarynda ulanan arap-pars sözleriniň köpüsini bireýýäm türkmen diline siňen, ýagny türkmenleşen sözler bolandygy üçin ulanan bolsa, käbirini türkmen dilinde gabat gelmeýän dini adalgalary, adam we ýer-ýurt atlaryny beýan etmek, ýene birnäçesini bolsa, goşgularynyň has çeper, has şireli, has köp öwüşginli bolmagy, käbirlerini bolsa, kapyýa ýa-da bogun sazlaşygy üçin ulanypdyr.

Biz bu ýerde şahyryň şygyrlarynda arap sözleriniň ulanylyş aýratynlyklarynyň bary-ýogy ýedi sany ýönekeýje görnüşini seljerip bildik. Belki, bular has köpdür.

Şu ýerde ýene bir zady bellemek gerek. Magtymgulynyň goşgularynda we murabbaglarynda arap sözleri örän az gabat gelýär. Arap sözleri, esasan, Gündogar edebiýatyna mahsus bolan gazallarda, esasan hem, muhammeslerde, museddeslerde, musabbaglarda, musemmenlerde we beýleki köp setirli goşgularda köp duş gelýär. Mysal üçin, şahyryň Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýazan «Duman peýda» atly musabbagyny alyp göreliň:

Surud- u seda birle, jahan ýuzi abatdyr,

Olma suruda magrur, paýanasy bibatdyr,

Hak yşkynda zinde jan, biliň, baky haýýatdyr,

Her tende yşk olmasa, rozy- ezel mematdyr,

Ýaz ötinçä ýer-u gök, günden-güne zyýatdyr,

Bir haşry-kyýamatdyr, bir ýowmy arasatdyr,

Dähr içre bolar her dem, jahan içre jan peýda.

Bu bentde 47 sany söz bar. Şonuň 16-sy arap, 19-y hem türkmen sözleridir, galan 12 sözde parsça bolmaly. Görnüşi ýaly, bu bendiň ýarysyndan gowragy arap we pars sözleri.

Aslynda, Magtymgulynyň ýaşan zamanynda we ondan soňraky asyrda ýokardaky ýaly sözleriň köpüsiniň belli bir derejede halkyň gepleşik dilinde ulanylan bolmagy hem mümkin. Iň bolmanda, halkyň içindäki sowatly adamlaryň arasynda bu sözleriň adaty görnüşde ulanylandygyny çaklap bolar. Sebäbi diňe bir Magtymguly däl, Andalypdan soňra türkmen dilinde goşgy ýazyp başlan XVIII-XIX asyr nusgawy şahyrlarymyzyň ählisinde hem şeýle ýagdaýa gabat gelýäris. (Şabende, Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes we beýlekiler).

Emma Magtymgulynyň goşuk we murabbaglarynda dini düşünjeler beýan edilende bolaýmasa, arap-pars sözleri örän az. Onuň hem sebäbi goşuk türkmenleriň özleriniň döreden gadymy oguz-türkmen goşgy ýazyş usuly bolupdyr. Alym Ahmet Bekmyradowyň bellemegine görä, goşuk esasan, 5-6 ýa-da 7-8 bogunly dörtlemeden ybarat bolupdyr. Murabbag hem türkmen goşgy ýazyş sazlaşygyna uýgunlaşdyrylypdyr. Bu bolsa goşukda we murabbagda türkmen sözlerini doly ulanmaga mümkinçilik beripdir. Mysal üçin, şahyryň «Bir işe ulaşdy» atly goşugyny alyp göreliň:

Deňim-duşum, goç ýigitler,

Her kim bir işe ulaşdy.

Hak her kime bir ýol berdi,

Her kim bir işe dalaşdy.

Birinji bentdäki goşukda 20 söz bolup, onuň diňe Hak diýen birje sözi onuň hem diňe iki sanysy, ýagny habar we pursat diýen sözleri arap dilinden geçen sözlerdir. Olar hem doly türkmençeleşen sözlerdir. Bu bentlerde bir pars sözi hem ýok. Diýmek, bu şygyr ýüz göterim türkmen sözi bilen ýazylypdyr diýse bolýar.

Şundan görnüşi ýaly, Magtymgulynyň arap-pars edebiýatyna mahsus bolan muhammes, museddes, musabbag, musemmen ýaly köp setirli goşgulary sowatly adamlaryň bilim derejelerine laýyklykda ýazylypdyr, murabbaglar bolsa, has düşnükli dilde ähli halka, tutuş türkmenlere ýüzlenilip ýazylypdyr diýip çaklasa bolar.

Umuman aýdylanda, Magtymgulynyň şygyrlary okalanda, şu ýagdaýa göz ýetirip bolýar. Eseriň hakyky milli bolmagy üçin, birinjiden, onuň halkyň gepleşik dilinde bolmagy, ikinjiden, milli pikirleri öňe sürüp, döwrüniň we geljeginiň milli meselelerini beýan edip bilmegi, üçünjiden bolsa, halkyň halaýan heňidir sazlaşygynda bolmagy gerek eken. Magtymguly şu üç hakykaty bir ýerde birleşdirip başarypdyr. Bu täzelik şahyryň türkmen edebiýatynda bitiren iň uly hyzmatydyr.

Günzada GODAROWA,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR