Şeýle bir ülke bar ýeriň ýüzünde,
Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi!
Berkarar döwlet bar türkmen düzünde,
Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi!
Äleme ýaň bolup şany-şöhraty,
Halky päk zähmetden, tapýandyr bagty,
Ak mermerden bina bolan paýtagty,
Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi!
Daýhanlary zer öndürýär, der döküp,
Çopan-çoluk goýun bakýar çöl söküp,
Menzil aşýar çar tarapa ýol çekip,
Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi!
Owadan halylar ajaýyp sungat,
Aýlawlaryň ýaraşygy bedew at,
Ýaradan bagş etdi täsin tebigat,
Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi!
Tarypy dillerde gazal dessandyr,
Bir gelenler ýene gelmek isländir,
Bu biziň Watanmyz – Türkmenistandyr!
Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi!
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.