Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasydyr.
Bedew – ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç. Bedew atlar – gerçek gaýratynyň nusgasy. Watançylyk duýgusynyň beýikligi, bedew atlar şol beýiklikdäki ýyldyzlar. Gysgaça aýdylanda bolsa, ahalteke bedewleri adamyň gadymyýetden bäri dowam edip gelýän gözleginiň-gözellik gözleginiň netijeleridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ynsan ýaly syzýan ajaýyp bedewlerimiziň şanyna uludan toý tutulmagy taryhy hem-de ruhy kanunalaýyklykdyr. Sebäbi gözelligi, ýyndamlylygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçekleriniň müdimi ýaranydyr.
Ahalteke bedewi – müňýyllyklardan bäri türkmeniň ebedi hemrasy we wepaly dosty hasaplanylýar. Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly syzmagy başarýan ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň inçe syrlaryny halkymyz nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetirdi. Halk arasynda “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, Münseň atyň üstüne – döwlet ýagar üstüňe”, “Düýşünde aty münen – huşunda bagty çüwen” diýen pähimler bar. Bu parasatly jümleleriň üsti bilen türkmeniň iň eziz jandarynyň bedewdigine göz ýetirmek bolýar. Mundan başga-da ir wagtlar çaga gyzamyk çykanda atly gelýän bar bolsa, onuň öňünden çykyp, gyzamygyň emini sorapdyrlar. Atly näme em etmeli diýse, şony hem edipdirler. Şol emden soň gyzamyk yza tesipdir. Bular ýaly yrymyň bolmagy türkmen halkynyň bedew atlaryny mukaddeslik saýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz: “Atçylyk ýöne bir miras bolman, ol ýaşaýşa bolan söýgini müdimileşdiren ebedi sungatdyr” diýip belleýär. Şundan hem görnüşi ýaly, ajaýyp ahalteke bedewlerimiz häzirki ajaýyp zamanamyzda hem ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn möhüm orun eýeleýär. Behişdi bedewlerde ajaýyp zamanamyzyň öňe barýan bady ebedileşdirilýär.
Türkmen bedewleri gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty bilen tapawutlanýar. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, düşbüligi köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar üçin uly ylham çeşmesi boldy. Öz döwründe Magtymguly Pyragy:
Bedew diýgeç, hemme bedew deň bolmaz,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir –
diýip, wasp edipdir. Gahryman Arkadagymyz hem “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ýaş nesillerimize uly gollanma bolup hyzmat edýän ajaýyp eserlerinde türkmen ýigitleri bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklaryny örän täsirli we çeper beýan edýär.
Ýelden ýyndam, sypatly-zynatly, eýesine wepaly behişdi bedewlerimiz gadymyýetden bäri halkymyzyň buýsanjydyr, baýlygydyr. Häzirki wagtda arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli däp-dessurlaryny täze röwüşe getirmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek boýunça uly işler alnyp barylýar.Şeýle hem arassa ganly ahalteke bedewleriniň nesil ugurlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, atçylyk sporty boýunça degişli işleri alyp barmak, çapyksuwarlaryň täze neslini kemala getirmek hem-de atçylyk sporty boýunça dürli ýaryşlary, türgenleşikleri geçirmek üçin ähli şertler üpjün edilýär. Munuň özi ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda atçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändiginiň, milli atşynaslyk ýörelgeleriniň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň we olaryň dowamata atarylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen, ştab-kwartirasy gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hereket edýär. Ol dünýä ýurtlarynda ahalteke atlary bilen gyzyklanýan, bu ugurda iş alyp barýan assosiasiýalaryň we hususy atşynaslaryň ahalteke atlarynyň tohumçylygyny öwrenmek we ösdürmek babatda toplan tejribelerini bir ýere jemlemäge we ýaýratmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp, bu assosiasiýanyň mejlisi geçirilýär. Şeýle hem her ýyl bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Ahalteke bedewleri we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly maslahat we sergi, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär.
Bu günki gün pederlerimizden miras galan atşynaslyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döwrebap derejede ösdürilýär. 2017-nji ýylda Akhanyň çarpaýa galmagy bilen, paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. 2018-nji ýylda bolsa, Akhan çarpaýa galyp, artky aýaklarynda ýöremekde 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagyny we Akhanyň gazanýan ýeňişleriniň halkara derejede ykrar edilmegini şertlendirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň buýsanjy, wepalylygyň belent nusgasy bolan bedewlerimiziň at-owazasy we şan-şöhraty arşa galýar. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň medeniýetini ÝUNESKO - nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli tagallalar edilýär. Bu bolsa, dünýäde medeni gymmatlyklarymyza goýulýan sarpadan nyşandyr.
Humaý MYRATGELDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
hukuk fakultetiniň talyby.