DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanmagy şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili: Ählumumy abadançylygyň we döredijiligiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahata gatnaşanlar we onda çykyş edenler ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgesidir. Bitarap ýurdumyz häzirki döwrüň ruhuna we meýillerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.
Ata-babalarymyzdan miras galan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär.

Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän şeýle nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň işjeň guralyna öwrülýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» konsepsiýasy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär diýip uly buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzat ykbalynyň ýagty geljegi ugrunda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly belent tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY