ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYK: ÖSÜŞIŇ HEM-DE HYZMATDAŞLYGYŇ ÝÖRELGESI

Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bu sözlere çuň many-mazmuny özünde jemleýän jümleler hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigini, alym Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda ylmy we tejribe taýdan delillendirilip, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti baradaky beýan edilen garaýyşlar doly tassyklaýar. Kitapda: “Adamzadyň bagty abadan hem rahat durmuşyndadyr. Biz ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň milli ýoluny ýöredýäris we bu ýoluň adamzat üçin juda ähmiýetli ýoldugyny öz işlerimiz bilen subut edýäris” diýip belleýär.

2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň eden çykyşynda: “Biz geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz esasynda dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurarys.” diýip bellemegi, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG, onuň düzüm birlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyryp, wajyp ählumumy meseleleriň çözgütlerini gözlemäge we işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ýurdumyzyň beýan eden anyk başlangyçlary hem muny tassyklaýar.

Türkmenistan üçin bu täze syýasy möwsüm möhüm senä — Eziz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýär. Hyzmatdaşlygyň döredilen berk binýadyna daýanyp hem-de BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga eýe bolan bu halkara guramasyna ygrarlylygyny tassyklamak bilen, ýurdumyz onuň dünýädäki ornuny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň syýasy binýady hökmünde ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny, Milletler Bileleşiginiň Tertipnamasyny berkitmek boýunça tagallalaryny dowam etdirýär.

Häzirki çylşyrymly şertlerde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi täze netijeli dialog we gepleşik meýdançalaryny döretmek zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly Kararnamanyň taslamasyny teklip etmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyz bu ugurdaky tagallalaryny dowam etdirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ozal kabul eden Kararnamasynyň düzgünine esaslanmak bilen, halkara jemgyýetçilige 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýlip yglan edildi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Türkmenistan bu merkeziň işine hemmetaraplaýyn goldaw bermek ugrunda çykyş edýär. Şu ýylyň dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny teklip etmegi hem-de onda soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalaryny beýan etmegi, onuň esasynda ýola goýlan sebit hyzmatdaşlygynyň gurallaryny berkitmegi maksat edinýär.

Bulardan başga-da, ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamyndaky umumy wehimlere garşy durmakda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işläp taýýarlan “Bitewi saglyk” ählumumy konsepsiýasyny goldamak bilen, Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamagyň 2022 — 2025-nji ýyllar döwri üçin “Ýol kartasynyň” çäklerinde bu konsepsiýany öňe sürýär.

Soňky ýyllarda döwletimiziň Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen barha berkeýän gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň, 2020-2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020-2023-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygyny görkezmek bolar. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna “goşulýan ýurduň” derejesini almagy ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de BSG bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.

Bulardan başga-da, Türkmenistan köp sanly iri sebit guramalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitine we “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga saldamly goşant goşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine synçy derejesinde gatnaşmagy Watanymyzyň dünýädäki belent abraýynyň, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň, başlangyçly ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

Umuman, Türkmenistan ählumumy ykrar edilen ynsanperwer ýörelgeler esasynda dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek bilen, durnukly ösüş arkaly parahatçylygy üpjün etmegiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary döwletara gatnaşyklarda ygtybarly we ygrarly bolmagyň, hakykatyň we dоgruçyllygyň öňdebaryjy оrun tutýandygyny görkеzýär.

 

Welimyrat ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

baş hünärmeni.

 

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY