SURAT ÇEKMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi hem-de Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde, “Gülleýär-gül açýar, Garaşsyz, Bitarap Watan” atly şygar astynda surat çekmek we sergi bäsleşigini geçirdi. Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu sergide Watanymyzyň gözelligi, Garaşsyz Bitarap ýurdumyzyň asuda-parahatlygy, halkymyzyň ruhy dünýäsi, medeni-mirasy we häzirki döwürde ýeten sepgitleri şöhlelendirildi. Bäsleşige hödürlenen işler biri-birinden tapawutly bolup, eminler toparyna ýeňijileri kesgitlemek ýeňil düşmedi. Netije-de, 1-nji synplardan 1-nji orna Sähra Mätiýewa, Begzat Matýakubow, 2-nji synplardan 1-nji orna Dilnoza Batyrowa, Meňli Ödebaýewa, 3-nji synplardan 1-nji orna Ogulşat Hanowa, 1-nji synplardan 2-nji orna Dilnoza Bekçanowa, 2-nji synplardan 2-nji orna Laçyn Taganowa, 3-nji synplardan 2-nji orna Madina Kalandarowa, 1-nji synplardan 3-nji orna Gülnäzik Tozanlyýewa, 2-nji synplardan 3-nji orna Resul Ýusupow, 3-nji synplardan 3-nji orna Akjagül Nurmamedowa, 4-nji synplardan 3-nji orna Nilufar Bekiýewa dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň ýerli Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar