GUJURLY ÝAŞLAR SYLAGLANDY

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-ne Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary - 2022” atly ýaş suratkeşleriň ajaýyp döredijilik sergisi açyldy. Bu sergä çeperçilik akademiýasynda bilim alýan zehinli talyp ýaşlaryň we bu ýokary okuw mekdebini tamamlan uçurym ýaşlar gatnaşdylar.

Bu sergi talyp ýaşlaryň, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky aladalaryna baýramçylyk sowgady boldy.

Ýaşlaryň sergisi şowly çykypdyr. Ol tomaşaçylary Türkmenistanyň özboluşly milli medeniýeti, däp-dessurlary, binagärlik sungatynyň, tebigatynyň we sanly ulgamyň täzeçe mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar. Esasy zat hem – talyp ýaşlar öz döredijilik ukyplaryny, zehinlerini hakyky şekillendiriş sungatyň dili bilen ýazypdyr.

Serginiň netijesinde 300-den eserden - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, döwrebap binagärlik we dizaýn taslamalary, milli sungatymyz zergärçilik, haly, keramika eserleri we şonuň bilen birlikde ýaş sungaty öwrenijileriň ylmy işlerinden düzülen sergi halk köpçüligiň oňat bahasyna mynasyp boldy. Sergide aýratyn tapawutlanan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gymmatbahaly sowgatlary gowşuryldy.

Şol eserlerden aýratynda 5-nji ýyl talyp Şeker Nökergeldiýewanyň “Älemgoşar” atly uly göwrümli nakgaş eseri baş baýraga mynasyp boldy. Berkarar döwrümizi wasp edýän 1-nji ýyl talyp Jumamyrat Gurbanowyň “Baýramçylyk” atly triptih nakgaş eseri, 3-nji ýyl Mahym Atakowanyň “Datly desterhan” nakgaş eseri, zehinli ýaş heýkeltaraş 5-nji ýyl talyp Muhammet Muhadowyň “Ýaýçy gyz” atly heýkel eseri, ýaş binagär 5-nji ýyl talyp Laçyn Ataýewanyň “Söwda we dynç alyş merkezi” atly döwrebap maket we taslama eseri, 5-nji ýyl talyp Mähri Ýazmyradowanyň “Aşgabadyň yşyklary” atly dizaýn eseri, 5-nji ýyl talyp Nurana Abaýewanyň “Güýz” atly ajaýyp gobelen eseri, ýaş zehinli sungaty öwreniji 5-nji ýyl talyp Mekan Annamyradow “Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow”, “Polat Garryýew” ýaly ussat suratkeşlerimiziň döredijiligini açyp görkezýän kataloglary, nakgaş 6-njy ýyl Röwşen Saýypowyň “Bagtyýarlyk” atly nakgaş eseri, milli türkmen lybaslaryny döwrebap dizaýn usulynda döredip sergide hödürlän 2-nji ýyl talyp Jennet Agaýewanyň “Gadymy mirasyň we häzirki zaman sungatynyň arabaglanşygy” atly täze milli lybaslary hem-de 5-nji ýyl talyp Leýli Karowanyň “Sanly ulgam arkaly wirtual dizaýn” atly animasiýa arkaly ýerine ýetirilen gelin-gyzlaryň döwrebap moda lybaslarynyň görkezilişi sergä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Gujurly ýaşlar atly zehinli ýaş talyplaryň sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2016-njy ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Bu sergi Mähriban Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky taýsyz tagallalaryna ýürek buýsançlary bolup ýaňlandy. Bu bolsa Türkmen şekillendiriş sungatynyň mundan beýläk-de has-da kämilleşmeginiň aýdyň mysalydyr.

 

Döwrangeldi MOÝTYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY