BAGT GETIREN TANYŞLYK (Hekaýa)

Yzly-yzyna edilýän emler, urulýan sanjymlar, elleri ýeňil lukmanyň süýji sözleri, bal bilen ýag kimin garyşdy-da, enäniň derdine melhem boluberdi. Ynha, indi üç günüň ukusyny ine-gana aldy. “Üç hem otuz ýyldyr sürüşdim döwran” diýip aýdyma zowladyberýän henek atyp, öýüň içini ala-ýaza öwürýän adamsy Kemaldyr oguldan ýeke Perhadyň, şirinden şeker ýekejesi Arzuwyň gözlerini gorkuzany-ha çyn. Hakyt essi agyp, gözüniň elek-çelek bolup barşy-ha özüniňem ýadynda.

Çep eliniň erbet gurşup, agralan halta dönüp barýanynam duýupdy.  Barşyna-da özi aýyply. “Öýde otursam ýüregim gysýar”  diýip, atyzdan bäri gelmedi. Günüň yssy howrunyň ýazda oturdan ýaşajyk nahallarynyň depesinden howlap urşuny görende, öz jany ýadyna düşmedi.

Ine, öz janyňam oýlamasaň...

  • Salawmaleýkim! Eje, ýatyrmysyňyz? – diýip, gapydan giren Perhady gören Gözel daýza dikeljek boldy. Geleli bäri bile ýatan Sülgün Perhatdan öňürdip, oňa elini daldalatdy:
  • Gozgamaweri, Gözel jan! Entejik galmak bolanok diýmedimi ýaňyja lukman !

Elindäki sumkalary stoljykda ýerleşdirýän Perhadam dessine ejesine öwrüldi:

  • Eje jan ! Bu nätdigiň boldy ? Ozalam salymyz suw üstünde. Kakamy zordan baga ugradyp bäri gaýtdym-a.

Gözel daýza mylaýym ýylgyryp ogluny köşeşdirdi:

  • Wah, jan oglum!  Indi at ýaly-la men ! Tizräk baglaryma barsam diýýä göwnüm !
  • Baglaryňam , nahaljyklaryňam  gowy, eje !  Ine, kakam saňa saýlap-seçip almadyr üzümem  iberdi. Häzir meň özüm gowy edip ýuwup bereýin.

Şeý diýip, eline almadyr üzümli torbany alyp ugramakçy bolan Perhady ejesi yzyna aýlady:

  • Perhatjan, sen gowusy yssy düşmänkä, işiňe dolan. Ynha, Sülgün gelnejeň ot ýalyjak gyzy bar. Arzuw jana-da öýe gaýt diý. Kakaň dagyň çaý-naharyna esewan bol diýenem şonuň üçin-dä.
  • Menem şony diýdim. Hudaýa şükür, üç gyzym bar. Biri Gözel, ikimize sereder, galanlary öýüň işi bilen – diýip, gapdal-da ýatan Sülgün gelneje onuň sözüni makullady. Şol mahal gapydan eli çäýnekli ak ýektaýly gyz girdi:
  • Salam ! – diýip, ol Perhada salam berdi.
  • Ine, Sülgün gelnejeň gyzy Aýläle jan şü ! Oglum ! Perhatjan, tanyş boluň ! – diýip, Gözel daýza aşaklyk bilen ogluna syn etdi. Alçaklyk bilen gyzyň salamyny alan Perhadyň sözlerine ýylgyrdy.

Kakasy ýaly bälçik Perhadam göýä näsaglaryň göwnüni göterjek bolýan ýaly dillendi:

  • Baý-boo-w! Asyl,  siz  ýörite lukmanyň gözegçiliginde ekeniňiz-ä! Eje jan ! Bolasy içim gysýa diýmäňi goýduň-la,
  • – Hawa, oglum ! Sen arkaýyn işiňe gaýt ! Gyzym Aýlälejan hem lukmançylyk edýär, işiniň gapdalyndan bize-de seredýär. Uýaň  Arzuw bilenem eýýäm jora boldular. A-ýu, Aýläle diýýän-ä ! Hany, ýigidiň elindäki gaby al-da, şol uly gyzyl almany ýuwup gelsene ! Gözümi gyzdyryp dur-da şol. Iýmesem, bedenim kesele garşy durup bilmezmikä diýýän.

Ejesiniň sözüne ýygryljyran Aýläle demli çäýnegi goýdu-da, ýigidiň özüne uzadan torbasyny alyp, daşary çykdy. Ejesi Perhada ýüzlendi:

  • Oglum, şo käselere çaý guýup, uzat ! Bokurdagym gurady.
  • Häzir, ejejan ! – diýip , Aýläläni görüp, täsin duýgulara berlen ýigit derrew käselere ýapyşdy. Sülgün daýza az-kem diklenip, boýnuny otagdaşyna aýlady:
  • Şu meniň ulujam diýen bolsam gerek, a gyz Gözel ! Kakasy pahyr bilen durmuş guranymyzdan soň, agzym bimaza bolanyny düýşümde gördüm. Alma agajynyň çür depesinde duran çym-gyzyl alma ýetmek teý başardanokmyş. Ahyry bir akja guş, leglekmikä diýýän, uçup gelip, ganatyny aýlap goýberýärmiş welin, alma gelip göni elime düşenmiş diýýär. Kakasy, ol günler gytrakdy, bolsa-da, bir torba almany getirip, öňüme dökdi.  Iň ulusyna ýapyşyp iýenim  ýadymda.

Oglunyň kömegi bilen azajyk diklenen Gözel daýza, onuň gürrüňlerine haýran galdy:

  • Beh, meňzeşligem bolsa, bolaýjak eken ! Perhat janda-da, Arzuw janda-da çym-gyzyl almadyr, buldurap duran üzüm bolupdy küýsegim.
  • Bähh...şondandyr onda, çagajyklarymyzyň owadan bolşam !
  • Şondandyr, şondandyr. Hamyla zenan iýesi gelen zadyny iýse, çaga sagdyn, akyl-huşly bolarmyş diýýänleri.
  • Aýlälämem, beýlekije gyzlarymyňam görk-görmekden, akyl-huşdan egsigi ýok. Ýanýoldaşym, gaýynenem muňa ýolam goýmandy-da. Men bolsa, durmuş gurup, görenim almadyr üzüm, nardyr şetdaly boldy. Ind-ä,  özümem bagbana aýlandym  galdym.

Tötänden keselhanada otagdaş bolan zenanlar Perhadyň  ümsümlik bilen otagdan çykanynam duýmadylar. Olara päsgel bermezlik niýeti bilen gapydan çykan ýerinde, oňa eli almadyr üzümden münderlenen mejimeli Aýläle gabat geldi. Ýigit şelaýynlyk bilen gyza habar gatdy:

  • Lukman gyz, indi bildim, näme üçin elýetmez çym-gyzyl alma ýaly owadanlygyňy ?

Gürrüňiň hörpüne dessine düşünen gyzam ýigitden basylyp durmady: – Asmandan leglek getirip oklanan almadan goşandym bolaryn-da, heýem, owadan bolmarynmy ?!

Perhat hezil edinip güldi. Diýjegini diýip, eýýäm gapydan giren gyzyň yzyndan intizarlyk bilen garady-da, baş lukmanyň otagynyň  gapysyny kakdy.

On günläp bir otagda bejergi alan zenanlar biri-biri bilen gowy öwrenişen wagtlary, hoşlaşmaly boldular. Öýleriniň salgylaryny alyp gatnaşygy ýitirmezligi wadalaşdylar.

Kämahal-kämahal uly sebedi almadyr üzümden dolduryp äkidýän  Perhat tomus howruny bolluk bilen ir-iýmişlere ýaýradýan pursatam, güýz goýras altyn reňkini çaýýan wagtam, hat-da, gazaply gyş ak donuny egnine atynan müddetem gaýtalady ýördi. Ejesidir kakasynyň görse-de, bilmedikden bolýanyny welin aňmady. Emma telefonda kimdir biri bilen yzygiderli jaňlaşýan Arzuwdan weli zat gizläp bilmedi.

Ýene-de ýakymly demini çar-töwerege ynsandyr boz topragyň gursagyna üfläp bahar geldi. Ýekşenbe güni ýerleri ekişe taýýarlamak, baglaryň aşagyny ýumşatmak bilen meşgul bolan maşgala agzalary öýe ýygnandylar. Agzybirlik bilen günortanlyk edindiler, dem-dynç aldylar.

Gyzykly kinofilme hezil edinip tomaşa edýän hem dynç alýan Perhadyň bu hezilligi uzaga çekmedi. Ejesi gapydan girdi:

  • Hany, Perhatjan ! Tizräjik geýin ! Arzuw ikimizi şähere äkit !

Ejesiniň diýenini iki gaýtalatmaýan ýigit hiç zat soramady. Maşynyň yzyna alma-üzümden münderlenen sebedi ýüklemegi tabşyranda, ol haýran galyp ejesine seretdi:

  • Ejejan ! Belki salgyny aýdarsyň, hä ?!
  • Ony häzir baransoň bilersiň, hanogul ! – diýip, ejesi şemala pasyrdaýan öýmesiniň uçlaryny gaýym tutdy. Şähere girensoňlar, salgyny aýdan Arzuwyň sözlerinden soň, Perhada bar zat düşnükli boldy. Ejesiniň taryna kakdy:
  • Joraňy göresiň geläýdimi, janym ejem !
  • Joramam göresim geldi welin, alma ýaňakly Aýläläni törüme gelin edip düşürsemmikäm diýip durun, oglum !  Ejesiniň agzyny ysgap göräýsemmikäm ?! Näme diýýäň ?

Ejesiniň sözleri hoş ýakan ýigit ulagyny aýdylan howlynyň agzynda togtatdy.

  • Bagymyzda alma-üzüm, nar, garaly bol diýseň, ýok diýmeseler gerek, ejejan !

Öz sözleriniň ogluna ýakjagyny Arzuwdan ozalam eşdip ýören gürrüňlerini, ýöne ondan öňünçä jorasyndan bir habar alsa, gowy boljakdygyny adamsy bilen maslahatlaşan enä, gök önümlerem bir bahana boldy. Taryna kakylan Sülgünden hoş habar alyp, yzyna dolandy.

Saý-sebäpli tanyşlyk garyndaşlyga aýlandy. Eneler baharda baglary gül açýan pursaty öz perzentleriniň bagt toýuny tutdular. Olaryň güle dönen göwünlerine mundan artyk bagt gerek däldi.

 

Dünýä ŞIRMÄDOWA,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň

6-njy orta mekdebiniň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar