Bäherden etrabynyň etrabynyň medeniýet öýünde “Hoş geldiň täze ýyl gözel ülkäme” ady bilen guralan baýramçylyk dabarasy oňa gatnaşyjylaryň toý şatlygyna has-da artdyrdy. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň öňdebaryjy işgärleriň baýramçylyk dabarasynyň arzyly myhmanlary boldylar. TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeş, etrap häkimligi, etrap jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýetip gelýän täze-täze zähmet üstünliklerine beslenmegini arzuw etdiler. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary, milli öwüşginli tanslary, gyzgyn garşylanyp dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet berdi.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlarguramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.