Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap watanymyz gözümiziň alnynda ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “” ady bilen, Ahal welaýat häkimligi we welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Ahal welaýat Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary bilen başlady. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna has-da berk jebisleşip, netijeli zähmet çekmäge, döretmäge we gurmaga, döwrebap şertlerde zähmet çekmäge bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämillige ýetmäge ähli şertleri döredip berýändigi üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlary aýdyp janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
RÜSTEM Muhammedow
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.