Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe ýaşlaryň ukyplaryny ýüze çykarmak, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplaryndan türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyny hem-de gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen etrabymyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda “Nesil terbiýesi-möhüm wezipe” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda alnyp barylýan beýik işleri, ýetilen sepgitleri, halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, milli senetçilik däplerimizi, ata-babalarymyzdan nesilden-nesile geçip, dowam edip gelýän milli senetçiligimiziň görnüşlerini, milli baýramçylyklarymyzy, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbini wasp edip, olarda “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarymyzy şöhlelendirýän işleri hödürlediler. Bäsleşik örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçdi. Bäsleşikde ýeňiji bolan we oňa işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we Ilkinji Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Serdar MYRADOW,
TMÝG-niň Magtymguly
etrap Geňeşiniň başlygy.