Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde bedeniň sagdyn bolmagy, kesellerden goranjylyk ukybyň ýokarlanmagy üçin jana ýokumly hem-de peýdaly iýmit bilen iýmitlenmelidir. Gyş möwsüminde С witaminine baý sitrus miwelerini iýmek diýseň peýdalydyr. Adamlar tarapyndan sitrus miweleriniň arasynda iň kän sarp edilýän görnüşi limondyr. Limon örän peýdalydyr. Onuň düzümi dürli witaminlere, organiki turşulyklara, tiamine we efir ýagyna baýdyr. Aslynda-da, limon diňe gyşda däl, eýsem, ýylyň ähli pasyllarynda-da elýeterli bolup, ondan dürli tagamlary, içgileri, şireleri, konditer önümleri taýýarlanýar. Aziýada limon ösümligi tagamly iýmiş hökmünde, dermanlyk häsýetleri hem-de onuň agajynyň gözel görnüşi göz öňünde tutulyp, “ekinleriň düri” adyny alypdyr.
Bir limonda С witamininiň adam bedenine güniň dowamynda gerek bolan möçberiniň üçden biri saklanýar. Limonyň düzümi B witaminler toplumyna hem baý bolansoň, ol özüňi rahat duýmagy hem-de uklamaga, keýpiňi çaglamaga, deriniň ýylmanak bolup, ýaş görünmegiňe täsirini ýetirýär. Onuň düzümindäki A witamini bolsa gözüň görüş ukybyny gowulandyrýar. Limon P witaminine hem baý bolup, ol bedeniň dürli infeksiýalara garşy göreşmegini üpjin edýär. Kaliý bolsa süňkleri pugtalandyrýar, ýüregiň işine oňyn täsir edýär, içegäniň mikroflorasynyň düzümini gowlandyrýar, iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirýär. Bu sitrus miwesi antiseptiki häsýeti bilen hem belli bolup, limon şiresi goşulan suwa agzyňy hem-de bokurdagyňy çaýkamak peýdalydyr. Gadymy döwürlerde adamlaryň arasynda dürli infeksiýalardan goranmak maksady bilen limon şiresi goşulan suwa elleriňi ýuwmak ýörgünli bolupdyr. Şeýle-de içege kesellerine ýolukmaz ýaly limonly suwy içilipdir. Gadymda, häzirki döwür hem limonyň gabygy-da giňden peýdalanylýar. Adamlar dişleriniň etiniň sagdyn bolmagy üçin, limon gabygynyň iç tarapy bilen dişiň etine sürtüpdirler. Limonyň gabygyndan efir ýagy alnyp, ondan dermanlyk we kosmetiki serişdeleri taýýarlanýar. Limony saýlanyňda, onuň gabygynda hiç hili goňur tegmiller bolmaly däldir, şeýle-de olaryň ter görnüşini almaly. Sowuk uran limonda hiç hili peýdaly witaminleriň bolamaýandygyny unutmaň! Galyň gabygy bolan limon ýuka gabyklydan peýdaly hasaplanýar. Çaklamalara göra, limon hytaý sözi bilen “li-mung” sözünden emele gelip, ol “ejeler üçin peýdaly” diýen manyny berýär. Limon agajy, takmynan 5-8 metr aralygynda boý alýar we 40-45 ýyla çenli bol miwe berýär. Onuň bir agjyndan 500-e çenli miwe almak bolýar. Bir ýylyň dowamynda limon hasylynyň 14 million tonna golaýy ýygylyp, sarp edilýär. Limon agajy gür şahaly hem-de gür ýaprakly bolansoň, olary ýygy ýagdaýda ekmek bolýar. Biziň tebigy ýagdaýymyza görä limon agajy ýörite ýyladyşhanalarda ekilip, onuň bol hasyl bermegi üçin ýaramly howa şertleri döredilýär. Türkmenistanda limom agajy hem köpçülikleýin, hem aýry-aýry hojalyklaryň oz mellek ýerlerinde ekilip, halkymyzyň bereketli saçaklaryna ýetirilýär.
Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.