Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Täze ýylyň şowhuny hem-de şatlyk-şagalaňy has-da belende galýar. Eziz Diýarymyza Täze ýyl geldi. Munu her ädimde duýmak bolýar. Şowhunly garşy alynýan Täze ýylyň şatlygy hemmelerde ütgeşik duýgulary döredýär. Täze ýylyň baýramçylyk dabaralary köpöwüşginliligi hem-de ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. Şeýe baýramçylyk dabaralarynyň biri hem Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky toý mekanynda “Hoş geldin täze ýyl” ady bilen Babadaýhan etrap häkimligi we etrap jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralyp oňa etrabymyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdymdyr-sazlary şeýle-de ýerine ýetirilen degişme sahnalar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjak täze 2023-nji “Dialog-parahatçylygyň kepili” ýylymyzyň ýurdumyza üstünlik getirjek ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gülläp ösýän ýurdumyzda ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylanjak täze 2023-nji ýylymyz Eziz Watanymyza, agzybir türkmen halkymyza rysgal döwlet getirsin.
Täjinar SAPAROWA,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.