“Gül watanyň daýanjy ýaşlar”

Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyz Türkmenistan Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýar. Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzda  ýaşlara uly ynam bildirilip, olar hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Elbetde, belent ynam, döwlet derejesindäki uly alada ýaş oglan-gyzy döwrüň mynasyp nesli bolup ýetişmäge borçly edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklary üçin birnäçe mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan türkmen ýaşlary, yhlasly okap, döredijilik we sport bilen meşgullanyp, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmek, zähmeti söýmek, özüňde raýat jogapkärçiligini terbiýeläp, şahsy jemgyýetçilik başlangyçlar bilen işjeň gatnaşmak, halallygy we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygy özlerinde jemleýärler.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Halkyň Arkadagly zamanasy”ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýy geçirildi.Gurultaýda berkarar döwletiň eşretini görüp ýaşaýan bagtyýar ýaşlarymyzyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmyň iň soňky gazananlaryndan kämil baş çykaryp bilýän nesli kemala getirmek, telekeçilik işine giňdenhöweslendirmek boýunça uly tutumlaryň binýady goýuldy.”Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň iş ýüzünde nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Jemgyýetimiziň iň işjeň bölegini düzýän ýaşlaryň pikir-garaýyşlary çuňňur öwrenilip taýýarlanylan resminama laýyklykda, ýaşlar ykballaryny gülletjek beýik işler bilen meşgullanmaga, durmuşlarynyň döwrebap hem abadan bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen hukuklaryna eýe bolýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alynyp barylýan işler halkymyzyň, aýratyn-da, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň durmuşynda uly özgerişlikleri girizjek täze açyşlara badalga berdi. Şoňa görä-de häzirki bilimiň özgerýän zamanasynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýynösmegine goşant goşjak ýaş hünärmenleri, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmäge uly goldaw berilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler biz – ýaşlaryň kämilleşmeginde, ukyp başarnyklarymyzy doly derejede açyp görkezmek-de örän möhüm ähmiýete eýedir. Döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdýarys.

 

Gülsona AŞYROWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat

etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR