AT AGNASA TOÝ BOLAR

Milliliklerimiziň gymmatlyk derejesine eýe bolanyndan soňra, ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň hatarynda türkmen halysy bilen ahalteke bedewi dünýä ýüzünde uly şöhrata beslendi. Mukaddeslik hökmünde seredilýän bu gymmatlyklaryň diňe bir il arasynda däl, eýsem, dünýä ýüzünde uly hormat-sylaga mynasyp görülmegi-de milliligimiziň jahan içre aýdyň dabaralanmasydyr. Peder, ata-babalardan gaýdýan bu gymmatlyklarymyz barada nakyllardyr paýhasly sözler barmak büküp sanardan kän. Halkyň arasynda giňden ulanylýan nakyllardan: «Aty baryň ganaty bar, ogly baryň döwleti», «At – myrat», «At ýigidiň diregi, haly gyzyň ýüregi»

... Behişdi bedew atlar taryhyň gatlarynda diňe bir nakyllarda şöhlelenmek bilen çäklenmän, goşgy eserlere-de siňmegi başarypdyrlar. Watançy şahyr Seýitnazar Seýdi hem ýüreginden çykýan: «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» diýip, özboluşly buýsanjyny beýan edýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa:

At gazanar goç ýigidiň,

Owwal bedew aty gerek

— diýip, belläp geçýär. Şahyr Magrupy hem öz döredijiliginde:

Ýüwrüşi artykdyr guşdan,

Bahar öwsen batdyr bedew

— diýip, türkmen bedewleriniň ýyndamlygyny, gözelligini ussatlyk bilen beýan edýär. Türkmen halkynyň mili aýdym-saz sungatynda hem behişdi bedewlerimiz barada ussat bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlar, kompozitorlar tarapyndan sazlar döredildi.

 Bedew atlar söweş güni hem ýigidiň ýakyn ýoldaşy hasaplanypdyr. Şahyr G.Ezizowyň: «Magşar güni aglanlaň birisi atyň bolar» diýen jümleleri hem şonuň üçin aýdylan ýaly. Bedew — adam ýaly duýgur, wepaly jandar. Eýesi şat gününde şatlanar. Kyn gününde derdini bile çekişer. Şonuň üçinem: «Aty gamçy bilen sürme, süle bilen sür» diýilýän bolsa gerek.

 Göwünleri ganatlandyrýan, döwrümiziň zynaty ahalteke atlarynyň dünýä ýüzünde şan-şöhratynyň artmagy ugrunda çäksiz işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň ýelden ýüwrük, gözelliginde deňi-taýy tapylmajak bedew atlara bagyşlap döreden ähli kitaplary hem uly gyzyklanma döredýär. Olarda bedew atyň türkmeniň durmuşynda tutýan orny, onuň artykmaç taraplary barada giňişleýin beýan edilýär. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmen halylary kaşaň köşklere laýyk hasap edilýän bolsa, bedewler hem asylly begzadalaryň göwnüni göterýän ajaýyp dostlarydyr».

«Aty ýoguň ady ýok» diýýän halkymyz, bedew atlary wepaly ýürekdeşine, iň ýakyn dostuna meňzedýär. Belki, türkmençilikde iň gowy zatlaryň bedewe deňelmegi-de şonuň üçindir. Hakykatdan-da, bu ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ençeme sapar şaýat bolandyryn. Toýlara arzuw-dileg edilende: «Bagt bazarynda bedew atyň büdremesin!» diýilýär. Bu ýerde bedew at bagtyň simwoly hökmünde seredilýän bolsa, käbir ýerlerde bedewler rowaçlygyň, ösüşleriň manysynda-da getirilýär. Meselem: «ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere beslenýär». Bu jümle, müňläp makalalarda, tele we radio ýaýlymlarda häli-şindi giňden ulanylýar. Diýmek, bedewler halkymyzyň milli buýsanjy bolman, ösüşli zamanamyzyň, bagtly menzillerimiziň hem nyşanydyr. Bu barada milli Liderimiz «Gadamy batly bedew» atly  kitabynda: «Ýaşaýşyň akymy mahbup bilen, menziller bolsa bedew bilen geçilýär» diýip menzilleri aşmaga atlaryň zerurlygyny belleýär. «Atym bar — ganatym bar» diýip, bedewini bedeniniň bir bölegine deňeýän halkymyz, gadym wagtlarda bäri ata uly sylag-sarpa goýupdyrlar. Ony her bir öýüň, her bir türkmen ýigidiniň bezegi hasaplapdyrlar. Muny, bu dünýäde ýigidiň iň zerur üçlügini beýan edende, Magtymguly Pyragynyň setirlerinde hem görmek bolýar:

Ýigidiň dünýäde üçdür myrady:

Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy!

Mälim bolşy ýaly, gadym wagtlardan bäri atçylyk işlerine ata-babalarymyz uly üns beripdirler. Häzirki wagtda milli buýsanjymyza uly sarpa goýulýan Diýarymyzda hem, örän duýgur, gözelligiň, wepadarlygyň nusgasyna öwrülen behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmekde, seçgi- tohumçylyk işlerini kämilleşdirmekde uly gerimli işler alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Muny, hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserinde geljekde türkmen bedewleriniň milli baýramynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewlerine degişli bolmagy üçin, atçylyk assosiasiýasynyň aýratyn iş alyp barmagynyň zerurdygyny nygtaýandygynda-da görmek bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, atçylyk pudagynyň ösdürilmegine hem-de atçylyk sportunyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem atlary ösdürip ýetişdirilen, köpeldilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň ahalteke atçylygynyň kanun binýadyny berkden tutup, onuň dünýädäki abraý-mertebesini belende götermek, atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak ugrundaky yhlasyndan gözbaş alyp gaýdýar.

 Biziň şöhratly üstünliklerimiziň alamaty — bedewlerimiz! Hawa, hakykatdan hem bu sözlerden soň, öz-özüň hiňleniberesiň gelýär: Eý, algyr guşum, göwün hoşum, syrdaşym behişdi bedewim, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly:

Ýyldyz syçradyp toýnagyň

Beze sen, türkmen toýlaryn!

Goý, «Halkyň Arkadagly zamanasynda» toýlaryň toýlara, baýramlaryň şatlyga ulaşýan günlerinde bedewler diňe toýa çapylsyn! Atdan düşen timar diýlip, her bir öýde at agnasyn, toý bolsun!

 

Mätgurban MÄTGURBANOW,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary

institutynyň 1-nji ýyl talyby,

«Nesil» gazetiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar