ARKADAGLY SERDARYMYZYŇ ATÇYLYK TAGLYMATY

Makalamyzy Arkadagly Serdarymyzyň göwher dek gözel, döredijiligimize özen bolan sözleri bilen başlamak ýerlikli bolsa gerek. Çünki il ykbalyny belende göterip, Watan mertebesini arşa ýetirýän döwlet Baştutanymyzyň sözleri hakyky many ýaýlasyny, akyl akabasyny ýatladýar hem-de ol hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna gelmeginiň ilkinji döwürlerinde eden taryhy çykyşlarynda has ýiti duýulýar. Şonuň üçin hem biz bäşleşige hödürleýän makalamyzy Arkadagly Serdarymyzyň atçylyk babatdaky taglymatynyň özenine öwrüljek binýatlyk sözlerinden ugur alyp taýýarlamagy makul bildik.

Hormatly Prezidentimiz: «Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr» diýip belleýär. Arkadagly hajy Serdarymyzyň bu sözleri öz milliligine buýsanýan türkmen ýaşlarynda hem ahalteke bedewlerine bolan hormat-sarpany has-da çuňlaşdyrýar.

Bilşimiz ýaly, asly tükenmez, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewler türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Bütin dünýäniň atçylyk medeniýetiniň naýbaşy tohumlarynyň biri hasaplanýan ahalteke bedewleri merdana milletimiziň göz guwanjyna, tapylgysyz hazynasyna deňelýär. Bu ýöne ýerden däldir. Ahalteke bedewleri türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy, wepasy hem sapasy bolup gelipdir. Olar ajaýyp keşbi, gözelligi, gylyk-häsiýeti, düşbüligi hem-de syzgyrlygy bilen hem beýleki atlardan tapawutlanypdyr. Şonuň üçin hem türkmeniň milli derejesini belende göteren aslyny ahaldan alan bedewler türkmeniň baş buýsanjy, baýlyk-genji hasaplanylýar.

«Ýüwrük ata baha bolmaz», «At rysgaly alnynda», «Ata çykan alysy görer», «Atym bar-kuwwatym bar», «Bedew at menzil keser», «At toýnagyň taý basar» diýen ýaly nakyla öwrülen sözlerdir, pähimler türkmen halkynyň iň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan mizemez hormat-sarpasyndan nyşandyr.

Watançylygyň beýik nusgasyny, bedew atlara yhlas etmegiň aňrybaş mekdebini kemala getiren Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiz: «Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar-ganatydyr, köňül buýsanjydyr» diýmek bilen, olara mynasyp baha berýär. Döwlet baştutanymyzyň bu sözleri ösüp gelýän ýaş nesilleri ruhy-ahlak taýdan döwletlilik ýörelgesine laýyk kemala getirmekde, milli gymmatlygyna göz ýetirmeklerini gazanmakda ýol görkeziji çelgidir. Arkadagly Serdarymyzyň bedew atlarymyzy «köňül buýsanjyna» deňemegi ýöne ýerden däl. Hakykatdan hem türkmen atlary göreniňden özüne bendi edýär. Ynsanda ruhy ahwalaty, gaýtalanmajak lezzeti döredýär, joşurýar hem ylhamlandyrýar. Dünýäniň dürli dilli döredijileriniň, alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň hem ylham akabasy türkmen bedewleri bolmagynda galýar. Bu hakykat hut Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligine ýüzleneniňde hem aýdyň ýüze çykýar. Şonuň üçin hem ahalteke atlaryny diňe bir «asman atlary» däl-de «ylham atlary» diýip atlandyrylmaga hem haklydyrys.

Hawa, türkmen bedewiniň şan-şöhraty geçen taryhy döwürde hem, häzirki zamanda hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär. Jahan halkarynyň nazaryny özünde egleýän bedew atlarymyz ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyna esas boldy. Şeýle hem türkmen bedewleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik güýji bilen täze eýýama gadam goýmagynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Behişdi bedewlerimiz ösüşiň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr» diýen sözleri tassyklaýar.

Güneşli türkmen topragynda atçylygy we atçylyk sportuny halkara derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýer ýüzünde ahalteke atçylygyny ösdürmek, yzygiderli kämilleşdirmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň merkeziniň paýtagtymyzda ýerleşmegi daşary ýurtlar, halkara guramalar bile bu ugurda ýola goýulan gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de has içgin, netijeli we bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge özboluşly esas berýär.

Kuwwaty barha pugtalanýan, öz milli buýsanjyny hakyky manysynda şöhratlandyryp gelýän ata Watanymyzyň sebitlerinde gurlan häzirkizaman atçylyk sport toplumlary, okuw we ylmy merkezleri, ýaşaýyş toplumlary türkmen atşynaslarynyň irginsiz hem-de yhlasly çekýän zähmetini döwrebap derejede dowam etdirmäge gönükdirilendir. Bu pudakda yhlasly iş alyp barýan watandaşlarymyza döwlet sylaglary berilip, hormatly atlar dakylyp yzygiderli höweslendirilýär.  Baýramçylyk at çapyşyklarynda ýeňijiniň ýeňiş paýy hökmünde Şa serpaýlary ýapylýar. Bu örän buýsandyryjy we göwün göteriji ýagdaýdyr. Arkadagly Serdarymyzyň «Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga, döwrebap ýagdaýda guramaga döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler» diýen sözleri bolsa bu babatdaky durmuş syýasatynyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de rowaçlanjakdygynyň güwäsidir.

Ýeri gelende bellesek, kärine kämil seýisleridir, çaparmanlary hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Şeýle hem atly sportuň dürli görnüşlerini, hususan-da päsgelçiliklerden böküp geçmek we çapyksuwarlaryň arasyndaky çapyşyklar boýunça ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek üçin türgenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmäge we türgenleşikleri netijeli guramaga niýetlenen açyk monežiň atly sportuň ösdürilmeginde oňyn netijelidigini hem nygtamak gerek. Häzirki wagtda şeýle maksatly desgalarda we toplumlarda ýörite bedewler bilen türgenler sazlaşykly hereket edip, öz ussatlyklaryny barha artdyrýarlar. Munuň özi sungat derejesine ýetirilen atçylyk usulyýetiniň, sport babatda hem şanly menzilleri nazarlaýandygynyň aýdyň alamatydyr. Şeýlelikde, Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, geljekde-de ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur işler geçiriler. Diýmek, atçylyk sportunyň has röwşen we ýeňişli menzilleri öňde dur. Bu sepgitlere ýetmekde bolsa türkmen türgenleriniň, atly gerçekleriň yhlasyna, güýç-gaýratyna uly umyt etmäge we ynam bildirmäge bizde doly esas bar.

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur mazmunly sözleri durmuş ýüzünde dolulygy bilen ýüze çykýar. Muňa häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan täze desgalaryň, atçylyk toplumlarynyň, geçirilýän halkara we döwlet derejeli umumy milli häsiýetli çäreleriň hem-de toplumlaýyn işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Atyna arman-ýadaman yhlas eden atalarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp edýän Arkadagly Serdarymyzyň şeýle asylly hem-de asyrlara aýdym boljak arzyly amallary üçin biz tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys hem-de sözleri söhbetlere sözbaşy, gadamlary gudratlydan naýbaşy bolan Arkadagly Serdarymyzyň altyn geljegi nazarlaýan, geljege rowaçlyk şuglasyny çaýýan şeýle sözleri bilen makalamyzy jemleýäris.

«Merdana halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek hem-de olaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri has-da rowaçlandyrarys».

 

Ogulsuraý AKUMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar