“Arkadagly Serdarly Bagtyýar Ýaşlar” ýylynyň ilkinji günleri beýik ösüşlere beslenip kalbymyzy nurlandyrýar. Gadymy Gündogarda “Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ekiň. Ýüz ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň” diýen ýörgünli jümle bar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirmeginde adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Häzirki wagtda türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar.
Hormatly Prezidentimiz halkyň diňe şu gününiň däl eýsem, geljeginiň hem ýagty röwşen bolmagy üçin aladalaryny edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün türkmen halkymyzyň her güni toý-baýrama, şatlyk-şowhuna, ruhybelentlige beslenip gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletli-döwranly Diýarymyzda alnyp barylýan her bir tutumly işler ýurdumyzyň ýaşlary bilen bir hatarda bagtyýar çagalaryň ajaýyp durmuşy, geljegi üçin amala aşyrylýar. Bu günki gün ýaş nesliň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda terbiýelenmegi, ak mermere beslenen mekdeplerde bilim almagy üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizň synmaz sütünine, röwşen ertirine deňelýän çagalaryň bagtly gelejegi ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Çünki Garaşsyz Türkmenistan durmuşymyzyň gülleri, ýüreklerimiziň örki bolan eziz çagalaryň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň myrat tapýan ýurdudyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda olaryň ähli babatda kämil, ylymly, bilimli, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz “Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi” diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşantlaryny goşýan, ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalary we çagalaryň döredijilik toparlaryny sylaglamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny yglan edýär.
Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna türkmeniň milli saz gurallarynda halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýän, döredijiligiň dürli ugurlary bilen içgin iş salyşýan okuw derslerinde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezýän, sport ýaryşlarynda, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalar we ýetginjekler, şeýle hem çagalar aýdym-saz we tans toparlar ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we orta mekdepleri, çagalar baglary tarapyndan bäsleşige gatnaşýarlar.
Ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşýan ýaşlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjy bolup durýar. Biziň çuňňur ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlarymyz dünýä ösüşine işjeň gatnaşýan hem-de oňa mynasyp goşant goşýan şahsyýetler bolup ýetişerler we hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, «Halk» hem-de «Watan» diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrüler.
Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ähli şertler we mümkinçilikler döredilen. Bize asuda durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.