Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyda indi her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge asylly däbe öwrülip, ol döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ýaş nesli watanymyza bolan çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy işleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy raýatlarymyzyň buýsançlarynyň özboluşly beýanydyr. Mälim bolşy ýaly 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny döwrüň talaplaryna görä ösdürmäge gönükdirilen birnäçe maksatnamalaýyn wezipeleri öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar geljegi gurujylardyr. 2023-nji ýylyň baş şygarynyň mazmunyna nesil dowamaty hem-de ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza çäksiz buýsanç we söýgi duýgusynda terbiýelemek baradaky pikir goýlandyr. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde milli medeniýetimiziň ösdürilmeginde, netijeli, döredijilikli zähmet çekmek üçin has oňat şertleriň döredilmeginde, ýaş zehinlerimiziň özgertmeler işlerine höweslendirilmeginde Hormatly Prezidentimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly şygar berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni esaslandyran hem-de halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Arkadagly Serdarymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däpde - onuň şygarynda watançylyk ruhunyň belende galmagyna we her bir raýatyň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň agzybir halky bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, yhlasly zähmet çekip, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýär. Bu bolsa ildeşlerimiziň nurana geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň beýanydyr hem-de döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň üstünlikleri bilen göniden-göni baglanyşykly giň gerimli işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. 2023-nji ýylyň baş şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň uly guwanç bilen Arkadagly Serdarymyz diýýän Hormatly Prezidentimize buýsanç, söýgi we hormat duýgularynyň hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe ynamy beýan edilendir. Häzirki döwürde ýaş türkmenistanlylara döredijilikli kämilleşmek hem-de özleriniň köpugurly zehinini, ukyplaryny, mümkinçiliklerini äşgär etmek üçin oňaýly şertler döredilýär. Biz ýaşlar türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşyp, kämil jemgyýetimize mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Azat HAÝYDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Dolandyryş
Hojalyk bölüminiň esasy hünärmeni.