Arkadagly diýarymyzyň asuda ýyllary her adama ýakymly ýatlamalary bagyş edýär. 2022-nji ýylyň öňüsyrasynda mähriban Arkadagymyz bilen didarlaşmak, bile ýadygärlik surata düşmek bagty miýesser etdi. Şol pursat eziz Arkadagymyz menden Täze ýylda näme arzuwymyň bardygyny diňläp, maňa ak reňkli welosipedi Aýazbaba bilen Garpamykdan sowgat edip ugratdy. Bu bolan wakany mähriban Arkadagymyz özüniň “Ömrümiň manysy” atly kitapda hem beýan etmegi, meniň hiçwagt hakydamdan öçmejek pursatlara öwrüldi. Bagtyýar çagalygyň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda Täze 2023-nji – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly maňa ýene bir üýtgeşik ýakymly pursatlary bagyş etdi. Ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolmagym meniň geljekki üstünliklerime badalga bolar. Meniň çaga kalbymda mähriban Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza bolan buýsançly alkyşlar ýaňlanýar. Biz ýaş nesillere döredýän mümkinçiliklerine, berýän Şa sowgatlaryna mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn! Mähriban Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly:
Giň jahanda dostluk berkäp,
Şatlyk gülki, owaz bolsun!
Türkmeniň döwletli ýoly
Ak geljege dowam bolsun!
Ibraýym RÜSTEMOW,
Aşgabat şäherindäki 64-nji orta
mekdebiniň okuwçysy,
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi.