Häzirki zaman şertlerinde dünýä derejesinde ýüze çykýan ählumumy ykdysady, tehnologik we ekologiýa ýagdaýalar, howanyň ählumumy üýtgemegi, dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşynda internet-aragatnaşyk ulgamynyň ýagny, internet hyzmatlaryň we söwdanyň ornunyň barha artmagy, adamlaryň köp böleginiň şäherlerde ýaşamagynyň görkezijisiniň ýokarlanmagy “akylly şäherlere” bolan gyzyklanmanyň döremegine itergi berdi. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli ýer ýüzünde adamlaryň 60 göterimden gowragy şäherlerde ýaşamaklygyna garaşylýar. Munuň özi, häzirki dördünji tehnologiýalar eýýamynda ählumumy şäherleşmäniň, akylly şäherleriň dünýä bazarynyň derejesiniň barha artýandygyny tassyklamak bilen, şäherleriň taslamalaşdyrylmagynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has ýeňilleşdirilmegini we howpsuzlygynyň üpjün edilmegini ileri tutýan “akylly” tehnologiýalaryň ähmiýetini ýokarlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda kabul eden geljegi nazarlaýan halk bähbitli taryhy Karary ilkinji nobatda adam gymmatlyklaryndan gözbaş almak bilen, ekologiýa abanadançylygy bilen sazlaşykda durnukly ösýän bitewi innowasion, akylly şäher nusgasynyň kemala gelmeginde wajyp ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine “Arkadag” adynyň dakylmagy bolsa, akyldar şahyrymyzyň: “Ýagşylykda ile özün tanadan, alkyş alyp, derejesi zor bolar” diýen parasatly setirleriniň döwrümiziň durmuş hakykatyna öwrülýändigine şaýatlyk edýän kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Täze Arkadag şäheriniň çäklerinde häzirki zaman sanly ulgam esasynda lukmançylyk, bank, söwda edaralarynyň işlemegi üçin şertleriň döredilmegi, awtobuslaryň gatnawlarynyň we taksi hyzmatlarynyň hödürlenilmegi, elektron resminama dolanyşygynyň netijeli işiniň ýola goýulmagy bilen birlikde, “akylly” şäher (smart city) konsepsiýasyna möhüm ähmiýet berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasyp. Çünki, häziri zaman şertlerinde “akylly şäher” konsepsiýasy dünýäniň tehnologik ösüş döwründe iň öňdebaryjy innowasion usullary we tejribede ileri tutulýan nusgalyk şertleri özünde jemlemek bilen tapawutlanýar. Bu konsepsiýa şäher emläginiň netijeli dolandyrylmagyny nazarlaýan internet-maglumat we aragatnaşyk ýaly birnäçe tehnologiýalaryň, usullaryň birleşdirilmeginiň konsepsiýasydyr. Ykdysady-durmuş jähtlerden geljegi nazarlaýan şeýle şäherleri olaryň meýilnamalaşdyrylyşynyň maksatlaryna laýyklykda “bilimleriň şäheri”, “sanly şäher” ýa-da “ekoşäher” diýip kesgitlemek bolar. Çünki, Singapur, Amsterdam, Seul, Tokiýa, Taýbeý, Nýu-Ýork, San-Fransisko, Oslo ýaly dünýäde öňdebaryjy tehnologik şäherlerde awto we demir ýollar, aeroportlar, metrolar, deňiz portlary, aragatnaşyk ulgamy, suw we energiýa üpjünçiligi, köprüler, ýerasty geçelgeler ýaly wajyp ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň howpsuzlygynyň we sarp edilýän serişdeleriň tygşytlylygynyň üpjün edilmegi maksady bilen ýörite datçikleriň kömegi bilen yzygiderli gözegçilik hem-de dolandyryş amala aşyrylýar. Bu şäherlerde raýatlaryň saglygynyň saklanylmagyny we abadançylygyny nazara almak bilen durnukly gurşawy üpjün etmek arkaly şäher ilatyna berilýän hyzmatlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň esasyny bolsa, döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar düzýär. Akylly şäherleriň esasy aýratynlygynyň biri hem onuň şäher ilaty bilen onlaýn hyzmatlar ulgamyndaky özaragatnaşygynyň häsiýetinde jemlenýär. Şol bir wagtda beýleki şäherlerden tapawutlylykda “akylly” şäherleriň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary esasynda ýola goýulýan hyzmatlar onuň durmuş-ykdysady we medeni şertlerine hem örän uly täsir edýär. Bularyň ählisi “akylly şäherleriň” ilkinji nobatda, adamyň abadan durmuşyna gönükdirilýändigini şeýle hem, ykdysady-ekologiýa durnuklylygyň talaplaryny hasaba almak bilen, üznüksiz şäher ösüşine, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalara esaslanýandygyny tassyklaýar.
“Akylly şäher” - munuň özi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň internet tory bilen özarabagşanyşygy bolan adam tarapyndan döredilýän bir bitewi dolandyryş ulgamyny emele getirýär. Bu ulgam şäher ösüşiniň wajyp wezipeleriniň ýeňilleşdirilmegine şol bir wagtda, onuň ýaşaýjylarynyň durmuşynyň howpsuz we amatly bolmagyna hyzmat edýär. Akylly şäher konsepsiýasynda: ýollarda ulaglaryň hereketiniň sazlaşdyrylmagy; ýol-ulag hadysalarynyň azalmagy; ulagyň ekologiýa talaplaryna laýyklygy; awtoduralgalaryň awtomatlaşdyrylmagy arkaly awtoulagy wagt ýitirmezden awtoduralgalarda ýerleşdirmek mümkinçiligi; elektroenergiýa, suw we beýleki serişdeleriň tygşytlylygy; jemagat tölegleriniň hem-de maglumatlaryň, jemgyýetçilige hyzmat edýän edaralaryň işiniň internet arkaly berjaý edilmegi netijesinde şäher hojalyk işleriniň ýeňilleşdirilmegi; öýjükli el telefonda ornaşdyrylýan ýörite programmalar arkaly akylly öýlerde gurnalýan enjamlary dolandyrmak artykmaçlygy ýaly raýatlaryň şeýle hem döwlet dolandyryş gulluklarynyň işleriniň ýeňilleşdirilmegi ileri tutulýar. Bularyň ählisi şäher ilatynyň wagtynyň tygşytlanmagyna, ykdysady ösüşiň we önümçiligiň ýokarlanmagyna, şol bir wagtda şäherde tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegine mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň täze merkezinde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleriniň, dürli ugurlar boýunça degişli portallaryň işleriniň ýola goýulmagynyň göz öňünde tutulmagy dünýä tejribesinde ileri tutulýan bu konsepsiýanyň özleşdirilmeginde wajyp şertler hökmünde çykyş edýär.
Dünýä tejribesine laýyklykda, akylly şäherleriň ýerli maglumat ulgamyna mekdep, kitaphana, ulag, sagaldyş merkezleri, jemagat, eletrik we suw üpjünçilik ulgamlary, galyndylary dolandyrmak, hukuk goraýjy we beýleki jemgyýetçilik gulluklarynyň birikdirilmegi arkaly elektron resminamalar dolynyşyk ulgamy kemala getirilýär. Şeýle şäherler diňe bir ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň döwrebaplygy bilen çäklenmän, olar arkaly şäherde bolup geçýän ýagdaýlary gözegçilikde saklamak, meýilleşdirmek, dolandyrmak we ösdürmek mümkinçiligini berýändigi bilen hem tapawutlanýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary jemgyýetçilik bilen özara gatnaşykda bolmaga, şäheriň ösüş derejesine göz ýetirmäge we ilatynyň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmak üçin zerur tejribäniň amal edilmegine giň ýol açýar. Ýagny, tehnologiýalardaky ýörite datçikleriň kömegi bilen şäher ilatyndan we ornaşdyrylan serişdelerden alynýan maglumatlar işlenilýär hem-de seljerilýär. Netijede, bu maglumat gorlary şäherde durmuşa geçirilmeli wezipeleri ýüze çykarýar, olary amala aşyrmagyň hem açary bolup çykyş edýär. Ahal welaýat merkezinde dürli ugurlarda işleriň awtomatlaşdyrylmagyny nazarlaýan “akylly” awtoduralganyň, “akylly” zibil gutusynyň, merkeziň elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň, “akylly” wideogözegçilik ulagymynyň, “akylly” ýolyşyklaryň özledirilmeginiň meýilleşdirilmegi hem Arkadag adyna mynasyp bolan döwrebap şäheriň kämil nusgasyny şöhlelendirýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Umuman, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda kemala gelýän Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylýan, raýatlaryň ýaşamagy, döredijilkli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin iň ýokary netijelere beslenýän, serişdeleriň bolsa, tygşytly hem-de dogry sarp edilýän halkymyzyň amatly, howpsuz ýaşaýyş-durmuş keşbiniň döwrebap nusgasydyr.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.