Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Tejen etrabyndaky Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezine-de zähmet çekýän işgärleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda her ýylda däp boluşy ýaly täze ýylyň şanyna bagyşlap “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler gadam basylan Täze 2023-nji ýyl ,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” bilen bütin türkmen halkyny Hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlap, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Ýaşlarymyzyň döwrebap bilimli, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, giň gözýetimli, durmuşa ukyply bolup ýetişmekleri üçin zerur şertler döredilýänligi, olary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin giň şertler üpjün edilýänligi dogrusynda giňişleýin durlup geçildi hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyz üçin döredýän ajaýyp mümkinçiliklerine alkyşly sözlerini aýtdylar.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-nyň Tejen etrap Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.