WATANY GÜLLEDÝÄR BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri hem daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzda milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Giň möçberli syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri ýurdumyzy ösüşlere besleýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» hem-de Arkadagly Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ugur alnyp, täze, döwrebap şäherlerdir obalar emele getirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde, şäherdir obalarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly desgalar gurulýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda azyk we ekologiýa howpsuzlygy yzygiderli berkidilýär. Diýarymyz ýaşyl zolaklara bürenip, bazarlarymyz azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeler maksatnamasynyň esasy aýratynlygy olaryň täzeçil we toplumlaýyn häsiýete eýedigini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendigini tassyklaýar.

Ýurdumyzda her ýyla mynasyp at dakmak asylly däbe öwrüldi. Halkymyz her täze ýyly ak arzuwlar, umytlar bilen garşylap, ony ýörite şygar bilen atlandyrýar. Asylly däbimize eýerip, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyryldy.

Biz—Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýarys. Ilat arasynda duşuşyklar, söhbetdeşlikler geçirilende, oňa gatnaşýan adamlaryň ählisi ýürek buýsançlaryny beýan edýärler, hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, parahatçylyga hem-de ynanyşmaga gönükdirilen işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak baradaky çözgüt halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipler esasynda kabul edildi. Ýylyň ady iri jemgyýetçilik birleşiklerinde, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde, obadyr şäherlerde geçirilen maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa geljekde ýurdumyzy gülledip ösdürjek, Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterjek ýaşlarymyza bildirilen uly ynamdyr. Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: «Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýip nygtamagy hem ýaşlara bolan ynamy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň şol ynamdan gözbaş alýan beýik işlere abraý bilen hötde geljekdiklerine tüýs ýürekden ynanýarys.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleriniň agzybir agzalary bolan biz geljekde Arkadagly Serdarymyzyň daşyna öňküden hem berk jebisleşip, ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda alnyp barylýan beýik işleri halkyň arasynda wagyz etmek üçin jan aýaman zähmet çekeris.

Türkmen halkyny şan-şöhratly ýollar bilen beýik ýeňişlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Gözel BERDINIÝAZOWA,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň hünärmeni.

Mugallymlar gazeti. 09.01.2023ý.

Meňzeş habarlar