AHALTEKE BEDEWLERI - GADYMYÝETIŇ NUSGASY

Türkmenistan gadymy medeniýetleriň, we beýik däp-dessurlaryň dörän ýurdy hökmünde tanalýar. Dürli döwürlerde bolup geçen uruş hereketleri geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý şäherleri harabaçylyga öwürdi. Ýöne wagt şöhratly geçmişiň şanly şaýady bolan ahalteke bedewlerine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi. Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan türkmen halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başardy.

Birnäçe taryhy maglumatlar we anyk subutnamalar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistan ýaýlasydygyny biragyzdan tassyk edýärler. Köp sanly hünärmenleriň bellemegine görä, gadymy türkmen halky ilkinji bolup atlary eldekileşdiripdir. Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar ýokarda aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Amyderýanyň ýakasyndan tapylan köp sanly gadymy mirasyň hazynalarynda atyň keşbi şekillendirilen gurallar has agdyklyk edýär. Gadymy Marguş ýurdunyň ilatynyň durmuş gatnaşyklarynda eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky III asyryň we II asyryň başlarynda atlaryň eldekileşdirilendigi barada maglumatlar bar. Gadymy çeşmelerde atlandyrylyşy ýaly, «behişdi», «asman», «asylly», «adaty bolmadyk» diýlip atlandyrylan türkmen bedewleriniň şöhraty biziň eýýamymyzdan ozalky birinji müňýyllykdan gözbaş alyp gaýdýar.

VIII asyrdaky arap awtory Al-Jahiz: «Bedewe atlanan türkmen özüni tutuş topragyň üstündäkiden hem artykmaç saýýar» diýip, türkmen halkynyň kalbynda bedew ata bolan söýgüniň näderejede ýokarydygyny nygtaýar. ХIII asyrda fransuz patyşasy Lýudowik IХ-yň taryhçysy gaýduwsyz gypjak esgeriniň jaýlanyş dabarasyna gatnaşandygyny we esger bilen bilelikde onuň wepat bolan atynyň jaýlanandygyny gürrüň berýär. Şonuň üçinem Türkmenistan – behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr.

ХIХ asyryň ahyrlarynda türkmen atlary  «ahalteke» diýen ada mynasyp bolupdyr. Munuň özi gadymy «Ahal» ýaýlasy bilen baglanyşdyrylypdyr. Meşhur barlagçylar hut şol ahalteke bedewlerinde bütindünýä belli bolan gadymy Nusaý tohumyndaky atlaryň nesillerini görüpdirler. Hut türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke taýçanaklary Persiýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa aralaşypdyrlar we ol ýerde arassa ganly iňlis atlarynyň döremegine sebäp bolupdyrlar.

Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda «...halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň orny has ýokary bolupdyr diýmek bilen» nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belläp geçýär.

Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler. Gadymy türkmen seýisleri diňe atyň başarnygyny açman, eýsem onuň asylly kalbynyň hem açaryny tapypdyrlar.

1990-njy ýyldan başlap, ahalteke atlarynyň ähli seleksiýa - tohumçylyk işlerini «Türkmen atlary» döwlet birleşigi amala aşyrýar. Ol ýöriteleşdirilen atçylyk hojalyklarynda atlary ýetişdirmegiň tehnologiýalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär. Bu ýerde öz ömrüni tutuşlygyna bedewlere bagyş eden birnäçe ynsanlar zähmet çekýär. «Türkmenatlary» birleşiginiň işgärleri, aýratynam ýaşulylary, ajaýyp adam, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Dmitriý Terentýewiç Klimenkony ýagşylykda ýatlap, ol barada gyzykly wakalary gürrüň berýärler.

- "Ol ömrüniň köp ýyllaryny seýisçilige bagyş edip, işlän döwürlerinde belli bedewleriň ençemesini ýetişdirdi we ussat çapyksuwarlary taýýarlady. Ony hemmeler – adamlaram, atlaram gowy görerdiler.

Häzirki döwürde ahalteke bedewi Watanymyzyň rowaçlygyň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň nyşanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesine, milli we dünýä medeniýetiniň taryhy özboluşlylygy bolan ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň ajaýyp tumaryna, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň keşbine öwrüldi.

Ahalteke bedewi Wepaly diýen alabaý bilen birlikde, Aşgabat Aziadasynyň baş nyşanyna öwrüldi. Onuň öň ýanynda deňsiz-taýsyz 500 günlük atly ýöriş guraldy. Ösüp gelýän ýaşlar üçin Aşgabat atçylyk sport toplumynyň ýanynda okuw merkezi döredildi. Ýurdumyzda atçylygyň iri desgasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde döwrebap nusgalyk Aba Annaýew obasynda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlere bagyşlanan kitaplary edebi ýadygärlik bolup, türkmen halkynyň ahlak gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk atlara aýratyn hormatynyň we çäksiz söýgüsiniň çeşmelerine düşünmäge ýardam etdi.

Ýurdumyzda bedew sarpasynyň belent tutulýandygy barada aýdyp, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylýandygyny ýatlaman geçmek bolmaz. Güýçli, buýsançly, erkli ýa-da ýaş, joşgunly bedewleriň köp sanly keşpleriniň çeper beýanynda çuňňur we köptaraply many jemlenýär.

Häzir Watanymyzyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem-de “Türkmen jigitleri” topary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde işjeň wagyz edýärler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda we şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, milli baýramçylyklaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär.

 

Zulfiýa ÝAŇABAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Meňzeş habarlar