Durmuşa geçirilýän beýik işleri, ägirt uly tutumlary bilen şöhratly taryhymyzy kemala getirýän ýyllary çuň mazmunly döwrebap atlar bilen atlandyrmak, şygarlar bilen bezemek indi ajaýyp döwrümiziň mizemez ýörelgesine öwrüldi. Munuň aňrysynda çuňňur many-mazmun ýatyr, sebäbi tutuş bir ýyllap dillerimiziň senasyna öwrülýän şol şygarda agzybir halkymyzyň ajaýyp döwrümize, üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna hem-de goldawyna eýe bolýan taryhy tutumlara, abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşymyza bolan nusgalyk söýgi-buýsanjynyň beýany jemlenýär. Zähmetsöýer halkymyzyň tutuş bir ýylyň dowamynda öňde goýýan belent maksat-tutumlary aýdyň şöhlelenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan “Halkyň Arkadagly zamanasy ýylyny” dünýä nusgalyk taryhy tutumlara besläp, ajaýyp zamanamyzyň nobatdaky ýylyny — 2023-nji ýyly ýokary ruhubelentlikde garşylan zähmetsöýer halkymyzyň isleg-arzuwynyň nazarda tutulyp, bu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrmagy şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola dünýä ýaýdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň diňe bir indiki ediljek işleriň, öňde durýan möhüm wezipeleriň çuňňur mazmunyny açyp görkezmän, eýsem, berkararlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, oýlanyşykly başlangyçlary arkaly durmuşa geçirilen taryhy tutumlaryň hem wajyp ähmiýetini, baş maksadyny açyp görkezýär diýip, aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi berkararlyk ýyllary içinde amala aşyrylyp, ata Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly hem-de ähli ugurlarda okgunly ösýän döwlete öwren taryhy tutumlaryň özeninde ilkinji nobatda, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty, nurana geljegi bolan ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşy baradaky naýbaşy alada ýatyr. Şu pursatda, Gahryman Arkadagymyzyň hiç wagt ähmiýetini ýitirmän gelýän şeýle parasatly sözlerini ýene bir ýola ýatlasymyz gelýär: “Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş eýermek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Ata-babalarymyzyň bu ajaýyp ýörelgesi Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatynda hem öz ornuny tapdy. Bu gün biz, Diýarymyzy bagtly çagalygyň ýurdydyr, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ülkesidir diýip, arkaýyn aýdyp bileris”.
Ine, mähriban Arkadagymyzyň şu paýhasly sözleriniň mazmunyndan aýdyň görnüşi ýaly, ýaş nesilleriň aladasy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli, uzak geljegi nazarlaýan ähli özgertmeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýene-de bir buýsançly hakykaty belläp geçesimiz gelýär, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň beýik geljegini ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, olaryň kadaly ösüşinde görýändigini hemişe nygtaýar. Eziz Arkadagymyz: “Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir” diýýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, taýsyz ukyp-başarnygy arkaly berkararlyk ýyllary içinde amala aşyrylan taryhy tutumlarynyň islendiginiň özeninde ýaş nesliň bagtyýarlygy, abadan durmuşy baradaky aladalary doly görmek-duýmak bolýar. Tutuş ýurdumyzda durmuşa geçirilen ägirt uly taryhy taslamalar barada aýtmanyňda-da, diňe bir Balkan topragynda alnyp barlan işleriň özem bu babatdaky buýsançly söhbetlere esas bolup durýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, Balkan sement zawody, Gyýanlydaky polimer zawody, “Garabogazkarbamid” zawody hem-de beýleki iri möçberli ykdysady taslamalar muňa anyk subutnamalardyr. Bularyň sanawyny näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Diňe bir sebitiň däl, eýsem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady ösüşine oňyn itergiler beren şunuň ýaly iri möçberli desgalarda häzirki wagtda öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyzyň agramly böleginiň ýaşlardygy bellenilmäge mynasypdyr. Ine, şu hakykatyň özem ýaş nesliň abadan, bagtyýar şu güni, nurana geljegi barada döwletimiz tarapynda nähili aladalar edilýändigini tutuş dünýä ýaýýar.
Ýurdumyzyň sebitlerini özgertmekde, täze döwrebap obalary, şäherçeleri hem-de şäherleri gurmakda, bar bolanlarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmakda, iň çetki obalaryň durmuşy bilen häzirki zaman şäherleriniň durmuşynyň aratapawudyny ýakynlaşdyrmakda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işlerem gönüden-göni ýaşlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýän özgertmelerdir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan badalgalar berlip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şeýle giň gerimli özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy onuň nusgalyk taraplarynyň biridir. Şeýle toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary, aýratyn-da ýaş nesiller üçin abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň esasy şertleri bolup durýan gündelik zerurlyklary toplumlaýyn, bir wagtda çözmäge mümkinçilik berýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, obalarymyza, şäherçelerimize, şäherlerimize bezeg berýän döwrebap çagalar baglary, mekdepler, saglyk öýleri, sport desgalary, şeýle-de beýleki medeni maksatly binalardyr desgalar, oklaw ýaly göni, ýagty köçeler, üznüksiz agyz suw, elektrik, gaz, telefon üpjünçiligi, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen häzirki zaman zawodlardyr fabrikler, dowamly döredilýän täze iş orunlary bularyň ählisi biz — ýaşlaryň şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, röwşen geljegimiziň esasy kepilleri dälmi eýsem?! Täze üstünliklere beslenýän şunuň ýaly durmuş-ykdysady özgertmeler biz — ýaşlaryň eziz Watanymyza, täze taryhy döwrümize, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, abadan, bagtyýar durmuşymyza, nurana geljegimize bolan söýgi-buýsanjymyzy, mizemez ynamymyzy kämilligiň täze belentliklerine göterýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy, Diýarymyzyň hemme ugurlarda okgunly ösüşini, ýaşlarymyzyň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini üpjün edýän şeýle düýpli özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigini, şol özgertmeleriň mazmun hem-de möçber taýdan has-da baýlaşjakdygyny tassyklaýar. Sebäbi Arkadagly Serdarymyz: “Geçilen ýollar, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr” diýýär.
Hormatly Prezidentimiz “Halkyň Arkadagy zamanasy ýylynyň” şanly wakalarynyň biri bolup, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyndaky çuň mazmunly çykyşynda şeýle diýdi: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys”. Arkadagly Serdarymyzyň bu paýhasly sözleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dowamly ýokarlandyrmakda, syýasy durnuklylygyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik tutumlary dowam etmekde biz — ýaşlaryň giň dünýägaraýşyna, gujur-gaýratyna, döredijilikli, tutanýerli zähmetine uly ynam bildirýändigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň şol beýik ynamyna abraý bilen hötde gelmek üçin bolsa ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikleriň bardygy guwandyrýar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” döwlet derejesinde edilýän giň gerimli aladalardan ruhlanyp, ylymda, bilimde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanjak üstünliklerimiz, eýelejek belent sepgitlerimiz Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän şeýle uly ynamyna abraý bilen hötde gelmekde edýän tagallalarymyzyň mynasyp beýanyna öwrülmelidir. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirilýän uly ynamdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň ruhunda terbiýelenen ýaşlaryň ylymyna, bilimine, giň dünýägaraýyşyna, watansöýüjiligine, döredijilikli zähmetine goýulýan hormat-sarpadyr. Ylymda, bilimde gazanan üstünlikleri, zähmetsöýerligi, hünäre söýgüsi, çekýän halal zähmeti, ruhubelentligi bilen şeýle ynamy gazanyp, hormat-sarpa mynasyp bolan ýaşlary ýurdumyzyň egsilmez kuwwatyna, güýjüne, abraý-mertebesine öwren şunuň ýaly köptaraply üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” hem mynasyp bezegine öwürmek biz — ýaşlaryň ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň, Gahryman Arkadagymzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň öňündäki perzentlik borjumyzdyr.
Watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dostlugy hem-de hoşniýetliligi hemişelik hemra edinen ýaş nesilleriň döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady, syýasy we medeni özgertmelere işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertleri döredýän, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagyny goldap, biz — ýaşlaryň ruhubelentligini has-da belende göteren hormatly Prezidentimize — Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyz egsilmezdir! Ýurdumyzyň ýaşlaryna ýüzlenip, “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr” diýýän Arkadagly Serdarymyzyň hemişe jany sag, başy dik bolup, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlary şöhratly täze taryhy döwrümiziň bezegine öwrülsin!
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygy.