ENELERIŇ GÖRELDESI-NESILLERIŇ ÝÖRELGESI” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany has-da ösdürmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi Kerki etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Eneleriň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa we 5-nji orta mekdebiň mugallymy M.Hatamowa dagylar çykyş etdiler. Wagyz-nesihat çäresinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda nesillerimiz üçin häzirkizaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda döredip berýän mümkinçiliklerini, berýän öwüt-nesihatlaryny düşündirmek, şeýle hem okuwçylary paýhasly pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli häsiýetleriň esasynda terbiýelemek, hem-de Watanymyza mynasyp ýaşlary kemala getirmek baradaky çykyşlar diňlenildi.

 

A.JORAÝEW

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Maý 2025 | 37 okalan

PARAHATLYK AÝDYMY – ASUDALYK MUKAMY

29 Maý 2025 | 49 okalan

ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

28 Maý 2025 | 62 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM